![]() |
Ömürlük Prezidenti Beŭik SAPARMYRAT TÜRKMENBAŞY ![]() |
YIGRIMINJI yüz yyllygyn ahyrynda buysançly we owadan atly yurdy - Türkmenistany dünyä milletler bileleşiginin öz hataryna agzalyga kabul edendigi baradaky habar bütin äleme yyldyrym çaltlygynda yayrady. Hut düynin özünde hem hiç kime belli bolmadyk, sowet agalygynyn in günorta sepgidinde yerleşyän Türkmenistan özünin görmegey we mertebesini bilyän halky bilen hiç kime gerekmejek yalydy. Garaşsyzlyk
yurdy, halky görülmedik derejede özgertdi. Taryhy uly kynçylyklardan doly,
hemişelik döwletsyyasy nusgasy hökmünde Aziya sebitinde ilkinji bolup bitaraplygy
seçip alan we bütin dünyäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan
ykrar edilen halk bu tâsinliklere buysanmaga haklydyr. 1995-nji yylyn 12-nji
dekabrynda BMG-nin Baş Assambleyasynyn 50-nji yubiley, sessiyasynda "Türkmenistanyn
hemişelik bitaraplygy hakyndaky" yörite ykrarnamasyny goldap yurtlaryn
185-si ses berdi, munun özi BMG-nin taryhynda görlüp-eşidilmedik hadysadyr.
BIR
wagtlar häzirki Türkmenistanyn içi bilen Beyik yüpek yoly geçipdir. şol
yolun ugry saylama we edermen esgerler we senetkärler oguz türkmenlerinin
şan-şöhrat bilen bezelipdir.
Häzir
Türkmenistanda özünin hakyky köklerini we gelip çykyşyny bilmäge hukugy
bolmadyk buysançly hem-de azatlyksöyüji halkyn sowet döwründe bilkastlayyn
yoylan taryhy oylanyşykly düypli öwrenilyär. Önki döwürde bu halkyn mydama
elgaramalykda yaşandygy, özbaşdak yaşamaga ukybynyn yokdygy baradaky pikirler
onun beynisine guylup gelinyärdi.
BÜTIN Yer yüzünde Türkmenistana häzirki zamanyn dünyäde has köp yangyç gorly döwleti hökmünde garalyar. Amerikanyn ekspertlerinin sonky maglumatlaryna görä, bu yerde nebitin gory 12 milliard tonna barabar bolsa, gazyn gory 20 trillion kub metrden geçyär. Türkmenistan yöne yerden Kuweyt bilen deneşdirilmeyärdi. Emma sonky döwürde bu deneşdirmeler galyşdy sebäbi Türkmenistanyn özüni hiç bir babatda Kuweyt bilen hem, beyleki bir yurt bilen hem deneşdirmekçi däldigi gutarnykly ayan boldy. Bu halk başgalara menzejek bolman, öz garaşsyz taryhy bilen öne hereket edip, öz-özlüginde galyar. Türkmenistan demokratik, bazar ykdysadyyetli ösüşin yoluna düşdi. Ol bu yoly bazar gatnaşyklaryna layyklykda öne ilerlemegin serişdesi hökmünde seçip aldy. Türkmenistan bazar gatnaşykly demokratik döwlet gurluşynyn haysydyr bir anyrdan gelyän tayyar galypyna eyermeyär. Elbetde, bu hili çemeleşişe daşyndan tankyt heme eşidilyär. Yöne bu yerde hem Türkmenistan daşardan aydylyanlary dälde, eysem içerden aydylyanlary has köp dinleyär. şunun yaly yagdayda türkmenler özlerini mynasyp alyp barmak bilen, beylekilere hem sarpa goyyar. Munun özi türkmeni tapawutlandyryan ayratynlyklaryn biridir. Türkmenistan öz ösüş yoly bilen gidip, ynha, indi sekiz yyl bäri saylap alan yolunyn dogrudygyny subut edyär beylekileri hem ynandyryar. şunun özi hem ähli babatda doly özbaşdaklygyn esasy tapawutlandyryjy ayratynlygydyr. Bitaraplyk türkmenlere mahsus bolan asudalyk, beyleki yurtlar bilen sylaşykly gepleşikler alyp barmaga mümkinçilik beryär, şunda ähli zady görjek, biljek we öwretjek bolmak yagdayy aradan ayrylyar, häzirki zaman syyasy dilinde munun özi beylekilerin içerki işlerine gatyşmazlyk diylip atlandyrylyar. Yeri gelende aytsak, bu häsiyet gadymyyetden gaydyan türkmen däp-dessurlary Türkmenler bu däp-dessurlary asyrlaryn jümmüşinden alyp gelip, ony bitaraplyk yörelgesindel sazlaşykly ornaşdyrdylar, özlerinin däpdessurlaryny sakladylar hem-de öz baylyklaryny goradylar. Indi türkmen baylygyna gara nebis bilen el uzadyp biljek yokdur. TÜRKMENISTAN
iki uly beyik kontinentin -Aziyanyn we Yewropanyn çatrygynda, asyrlaryn
we münyyllyklaryn sepgidinde sypayylygy we talabedijiligi bilen tapawutlanyan
häsiyetini dünyä görkezdi. şu sypatlar milli däpler we umumy adamzat gymmatlyklary
bilen birleşyär. Munun özi ösüşin türkmen nusgasy diyilyâninin binyadynda
duryar. Aslynda, bu bir täzelik ya-da täsinlik däldir. Munun özi durmuşyn
özboluşlylygydyr, sebäbi hut şu ayraytynlyk, hut şu toprak, hut şu halk,
onun taryhy dünyä siwilizasiyasynyn ayrylmaz bölegidir.
Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen taryhynyn çylşyrymly yollarynda öz ayratyn syyasy keşbine eye boldy. Eger-de halkyn ykbalynda şunun yaly zatlar bolmadyk bolsa, onda häzir onun baştutany hem, dogrusyny aytsak, şeyle kuwwatly hemde halk durmuşynyn we milli an-düşünjeliligin döwlet görnüşindäki kämil, hemme zady öz içine alyan yürelgeleri bolan baştutandyr. Türkmen gudraty diyilyanin çeşmeleri hut aygytlayjy taryhy pursatda şunun yaly syyasy erk-islegin yüze çykmagyndadyr. Bu erk-isleg öz gezeginde halkyn erk-islegini yüze çykarmaga, ony oyandyrmaga hem-de yeke-täk dogry yola gönükdirmäge ukyply boldy. Mälim bolşy yaly, halkyn erk-islegi öz-özünden gelip çykyar, emma ol halal we adalatly häkimlik diyen zatda örän duygur bolyar... HAKYKATDANAM Türkmenistanda geçen yyllaryn içinde edilen-işlerin hemmesi Saparmyrat Türkmenbaşynyn yadawsyz-irginsiz syyasy erk-isleginin hem de gujur-gayratynyn miwesidir. Onun hereketlerinin yzygiderliligi özünin gerimi bilen hem, takyklygy bilen hem göreni hayran galdyryar. "On yyl abadançylyk" geçiş ykdysady maksatnamasy yekeje güni hem sypdyrylman örän takyk düzüldi. OI ykdysadyyeti hil taydan özgertmegin ilkinji tapgyryny we şu esasda hem adamlaryn anyny bazar ykdysadyyetine we hususy eyeçilige gönükdirmegi üpjün etdi. Türkmenistanyn ykdysadyyetini ösdürmegin on bir yyla niyetlenilen täze baş ugrunyn 2000-nji yylyn edil ön yanynda sonky Halk Maslahatynda kabul edilmegi düyp mazmuny boyunça ozal başlanan maksatnamanyn dowamydyr, emma ol täze, ykdysadyyetin we an-düşünjänin eyyäm gazanan derejelerine esaslanyar. Prezidentin ölçerilip-saldarlanyp görlen durmuş syyasaty hem muna ep-esli derejede yardam etdi. OI öz halkyny yowuz yyllaryn hem-de geçiş döwrünin baky hemralary bolup duryan garyplyk we açlyk diyen yowuzlyklar bilen ekeje gün hem yüzbeyüz galdyrmady. Kynçylyklar boldy, özi-de kiçi-girim kynçylyklar hem däl. Emma olar hem syyasy uguätapyjylyk we Prezident Nyyazowyn iş başarjanlygy hem-de halkyn özünin sabyrlylygy bilen yenlip geçildi. Milletin başarjan baştutany halka kömek bermek üçin tebigy baylyklara bilen yülendi. OI adamlara elektrik energiyasyndan, tebigy gazdan, suwdan we duzdan mugt peydalanmagy peşgeş etdi. Häzir baky kanunlaşdyrylan görlüpeşidilmedik, deni-tayy bolmadyk bu syyasy çözgüt dine bir durmuş ähmiyetli çäre bolman, eysem ol bazar gatnaşyklaryna geçmegin ähli başlangyç şertlerini döretmekde ykbal çözüji ölçege öwrüldi. Sonra takyk bazar yörelgesi işläp başlamalydy: baylaşmak isleyärmin - der döküp işle. Bu yörelge hem işläp başlady. Yurt
baylaşyar. Iş yüzünde ol azyk önümleri bilen, ilkinji nobatda bolsa, zerur
harytlar bilen öz-özüni üpjün etmegin ähli meselelerini çözmäge ukyplydyr.
Adamlaryn sanynyn geljekde sekiz milliona çenli artjakdygyny nazara alanynda
hem munun özi çözüp bolmajak wezipe däldir, sebäbi bazar eyyäm pugtalandyryldy,
hususy haryt önümçiliginin payy yurtda öndürilyän önümlerin üçden birini
düzyär.
HALKYN
ynamyny gazanjak bolup elde baryny etmändigi hem Nyyazowyn üytgeşik bir
gudratly tarapydyr. şonun yaly-da ol dünyänin "güyçlülerinin"
Onun
örän yiti akyl-payhasy nâhili çözgütleri nähili kabul etmelidigini salgy
beryârdi we bermegini dowam etdiryär. Bu zatlar bolsa, birleşip, yekeje
hem nätakyklyk ya-da yoymalar bolmadyk syyasy yagdayy emele getiryär. Bitaraplyk
hut onun özünin döreden miwesidir. Munun özi Prezidentin halk yüreginin
urşuny örân takyk bilyändigi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenbaşy milletin saglygy baradaky meselä hem gösgöni we doly manysynda hut şu jähtden garayar. Täze, 2000nji yyl Türkmenistanda örän täsin wakalar bilen başlandy: yurdun yolbaşçylar topary 2-nji yanwarda sport eşigini geyip, birnäçe kilometrlik "Serdaryn yoluny" geçdiler. şu peydaly işi hut Prezidentin özi başlady we ona gatnaşdy. OI öz egindeşleri bilen daglyk yerden öz teklibi boyunça çekilen "saglyk yolunyn" kyn kötelliklerini ennitlerini hem geçdi. Indiden
beyläk bu yol halkynkydyr. Prezidentin pikirine görä, halk yuwaş-yuwaşdan,
gün geçdigiçe yönekey, emma möhüm hem-de dolanuwsyz hakykata düşünip başlar:
adamyn saglygy dine onun öz elindedir. Yüregine örän çylşyrymly operasiyany
başdan geçiren, çilim çekmesini taşlan, indi bolsa kyn daglyk yoly geçen
Türkmenbaşy bu hakykaty hem öz göreldesi bilen görkezdi. Indiden beyläk
halk bayramçylklarynyn üstüne yene bir bayramçylyk - Ahlihalk saglyk qüni
atly bayramçylyk hem goşuldy.
Şu sowaldan, dogrusyny aydanynda, şu sowalyn jogabyndan Türkmenbaşynyn ähli syyasatynyn düyp özenini gözlemeli, ol baylyk diyen zadyn dine bir durmuş-filosofik derejedäki ähmiyetine däl-de, eysem onun ölçeglerine hem akyl yetiryär. Aslyyetinde bolsa, munun özi, hemişe diyen yaly dini hem-de filosofik taglymatlaryn hemmesinin, ayratyn hem Gündogar filosofiyasynyn esasy sowaly bolupdy. Ylmy-tehniki ilerlemänin adamzady öne gidişliklere alyp baryan häzirki wagtynda, onun adamzady uçuda iterendigi hem yüze çykdy. Sebäbi durmuş gymmatynyn esasy ölçegi bolup duryan ahlak esasy yitirildi. Eger-de Türkmenbaşy öz halkyny baylaşdyrmagy maksat edinen bolsa, onda ol özünin bu maksadyna eyyäm yeterdi. Baylaşdyrmak diyen zat onun üçin möhüm bolsa-da, ol esasy zat däldir. Türkmenlere hemişe mahsus bolan we halkyn nagyşçylyk sungatynda özünin aydyn beyanyny tapan ölçeg duygusy onun üçin esasy zat bolup duryar. Emma ol özünin şahyrana görnüşinde çunlugy boyunça halka ahlak wesyetlerini galdyran milli akyldar Magtymgulynyn eserinde özünin çunnur beyanyny tapdy. Türkmenbaşy Magtymguludan ruhulygyn belent baydagyny kabul eden we ony anyrlygyna, has belende alyp giden ilkinji türkmen boldy. Uzakda galan çagalyk wagtynda 1948-nji yylyn elhenç Aşgabat yer titremesinde ejesinin we doganlarynyn wepat bolmaklaryna bagyşlap kalbyny lerzana getiriji goşgulary düzen, şahyr Saparmyrat Türkmenbaşy öz Watanynyn rayatynyn ykbalyna gatnaşmagy özünin esasy yörelgesi diyip hasaplady. Sebäbi ol şahsy ahlak göreldesi bolmazdan syyasatçynyn, ayratyn hem döwlet yolbaşçysynyn bolup bilmejekdigine düşündi. Türkmenbaşynyn ahlak göreldesi güyçli täsir döretdi - häzir ol wezipesi we şöhraty boyunça ykrar edilen yolbaşçydyr, durky boyunça bolsa ata-babalarymyzyn häzir hem ruhuny tämizleyän, ony dünyänin hysyrdylaryndan, açgözlülikden we häzirki zaman dünyäsinin açgözlüliginden belende göteryän wesyetlerine berk eyermegin nusgasyny bütin durmuşy bilen halka görkezyän adamdyr, rayatdyr, yolbaşçydyr. Türkmenbaşynyn syyasy, şahyrana we öndengörüjilik ukyby bilen döredilen "Ruhnama" täze eyyamyn başynda, dünyäde bolup geçyän örän uly özgerişliklerin tolkunynda, asyrlaryn hemde münyyllyklaryn çatrygynda döwletliligi döreden halkyn ahlak taydan yol görkezijisidir. Bu yerde azaşmak howply däl-de, eysem yolundan dönmek, bary-yogy yekeje nädogry ädimi ätmek howpludyr. Türkmenbaşy bu zatlary hem göz önünde tutdy. Ilkinji nobatda, ruhuny weyran edyän baylyga kowalaşmak diyen zadyn adamlar üçin nähili derejede howpludygyna doly hem-de düypli düşünyän syyasatçy hökmünde göz önünde tutdy. c<Ruhnama" nebis jylawy, çäklendiriji, ahlak garawuly, özüni alyp barmagyn kodeksi däldir - ol halkyn halallygynyn we halkyn wyzdanynyn kodeksidir, ol öz köklerine we öz garaşsyzlygyna, bütin dünyänin geljegi bilen berk baglanyşykly geljegine sarpa goyyan her bir türkmenin anyna ornaşan zatdyr... DINE
bir dinlemegi däl-de, eysem halk bilen maslahatlaşmagy hem başarmak syyasatçy
Nyyazowyn yene bir aydyn tapawutly taraplarynyn biridir. Ol muny özi üçin
gyşarnyksyz düzgüne, döwlet üçin bolsa kanuna öwürdi. Hakykatda ol döwleti
hem şundan - halk pikirinin binyadyndan gurup başlady. OI bolsa türkmenlerde
hemişede yaşulularyn dili bilen beyan edilyärdi. Nyyazowyn yygnan yaşulularyn
ilkinji geneşleri şu gadymy, öçmejek däbi täzeden ) dikePtdi. Ol bolsa
yurt üçin örän möhüm, ykbal çözüji çözgütleri kabul etmek üçin yylda bir
gezek yygnanylyan wekilçilikli yokary häkimiyet edarasy bolup duryan Halk
Maslahatynyn esasyny düzdi.
Eger-de kimde-kim häzir hem türkmenlerin demokratiya ukyplylygy babatda şübhelenyän bolsa-da, ol bu baradaky samahyllylaryn hemmesinin yasama zatlardygyna göz yetiren bolsa gerek. Türkmenlere demokratiyany öwretmek gerek dâl. Demokratiya olaryn aslynda, ganynda bar. Başy çalaran goja hasasyna söyenip münberin yanyna gelip, üç mün adam oturan zala mertebe bilen nazar aylap, zalyn artykmaç şowhun döredyändigi üçin arkayynlyk bilen Prezidentden ötünç soranynda, iki günläp Prezidentin ygtyyarlyklaryny möhletsiz uzaltmagy talap eden zalda oturanlar minnetdarlyk bilen el çarpdylar. şonda Prezident minnetdarlyk bilen yylgyrdy. Ine şonda hem bu halkyn medeniyetlilik babatda kemter yerinin yokdugy aydyn boldy. Bu halk içki medeniete örän baydyr, ol bolsa halkyn ruhundan we yüreginden syzyp çykyar. Diymek, demokratiya babatda hemme zat düzüw, sebäbi onun esasynda şol medeniyet yatyar. Ony bolsa döwlet gurluşy döredyär. Türkmenler umumy kadalara hem-de häzirki zaman demokratiyasynyn kanunlaryna hormat goyup we pugta eyerip ona öz ruhuny, öz dâplerini. özlerinin ayratyn parahatçylyk söyüjiligini, galyberse-de, häkimiyete bolan ayratyn garayyşlaryny beyan edyärler. Nyyazow
öz adamçylyk tebigaty boyunça demokrat bolmadyk bolsa, onda ol islendik
yagdayda öz-özi bilen galyp bilmese gerek. Halk ony edil häzirkisi yaly
kabul edermidi? Garaşsyzlygyn ilkinji yyllarynda Türkmenbaşynyn syyasatyna,
onun özüne doly düşünmedik bolmaklary mümkin. Bu zatlar bolsa ilkinji özbaşdak
ädimlerini âdyän halk üçin, megerem, tebigy zatlar bolsa gerek. Haçan-da
bu ädimler berkeşen, olaryn berdaşly gadamlara öwrülen häzirki wagtynda
ol täzeden galkynan topragyn täze keşbine we onun nyşany bolup duryan täzelenen
paytagta öwrülendigi hemmeler üçin aydyndyr. Indi Türkmenistanda ilkinji
Prezidentin syyasatynyn dogrudygyna, halky özi bilen mundan beyläk-de alyp
barmaga ukyplydygyna, olaryn kerwenbaşysy bolmagy başaryandygyna hiç kimde
şübhe galmadyk bolsa gerek. Munun özi örän täsin sypatdyr, ol, megerem,
dine türkmenlere mahsus bolsa gerek. Emma türkmenler özlerini beylekilerden
belent tutmayarlar.
ADAMZAT XX. asyryn apy-tupanllarynda hem-de rehimsiz uruşlarda öz tejribesinde yene bir payhas göz yetirdi. Adamlar özlerine ajayyp, emma örän nâzik dünyänin peşgeş berlendigine düşünip başladylar. Eger- de gudraty güyçli Allatagala ony halklaryn arasynda bölen bolsa, onda ol ony dine dünyä döredilende niyetlenen ilki başdaky pikirin jana-jan goşyan hyjuwyny nesilden-nesle Yer yüzünde adamlaryn yaşayşy bezemekleri, ayamaklary üçin paylardy. Bu bir örân yönekey hakykat. Emma onun dabaralanmagynyn hatyrasyna adamzat neslinin in gowy ogullary ne güyjüni, ne- de janyny gaygyryar. Hut olar çäksiz wepaly hyzmat etmek görel- desi bilen, millionlarça adamyn hoşniyetlilige hem-de yagtylyga meyilli yüreklerini birleşdiryär. Olaryn erk-islegi bilen milli gymmatlyklar siwilizasiyanyn umumy we bölünmez baylygynyn derejesine göterilyär. Türkmenler Allanyn emri bilen şunun yaly yolbaşça eye boldular. Yogsa-da, dine bir türkmenlermikä? Häzirki zamanyn görnükli syyasy we jemgyyetçilik işgäri Saparmyrat Türkmen- başynyn arman-irmän edyän işlerinin netijesi bütin dünyä dahylly dälmi? Milletlerin dünyä bileleşigi onun döreden yurduna taryhda ilkinji gezek onyn bitaraplygyn hukugyny ykrar edip parahatçylyk dörediji işleri jebisleşdirmek hukugyny gow- şurmadymy? Hemmelerin ykrar eden hakykat, Türkmenistanyn Prezi- dentinin in täze döwrün halkara syyasatynda - bähbitleri yaraşdyrmagyn hem-de umumy, düypli maksatlaryn işlenilip tayyarlanylmagynda tutyan orny şunun yalydyr. şonun üçinde örän uly tutumly wakalaryn barşyna täsir etmäge ukyply täsin şahsyyete bolan çunnur gyzyklanma örän yerliklidir. Onun terjimehaly bolsa Saparmyrat Nyyazowyn bütin durmuş yolunyn inkär edip bolmajak subudy hem-de şu şahsyyeti taryhyn özünin isländiginin şayatnamasy boldy. Türkmenbaşy özünin 60 yaşandygyna garamazdan, güyçgayratdan, täze batyrgay oy-pikirlerden doludyr. Ol halkyn özüne möhletsiz Prezidentlik ygtyyarlyklaryny bermegini ozaly bilen öz yurdunyn ykbaly üçin örân uly jogapkärçilik hökmünde kabul edyär. Bu jogapkärçiligi ol şu geçen yyllaryn bütin dowamynda mukaddes zat hökmünde göterip gelyär. Türkmenbaşynyn ykbaly öz yolbaşçysy bilen bilelikde yenil bolmadyk, emma azatlyga hem-de öne gidişlige tarap şatlykly gadam uryan halkyn, köp ejirleri başdan geçiren yurdun hem ykbalydyr. SAPARMYRAT Atayewiç Nyyazow (Türkmenbaşy) 1940-njy yylyn 19-njy fewralynda Aşgabatda doguldy. Onun ene-atasy sada, zâhmetsöyer adamlardy: kakasy Atamyrat mekdepde mugallym bolup işleyärdi, ejesi Gurbansoltan üç çagany terbiyeleyärdi. Bu ruhybelent, durmuş yörelgelerine gyşarnyksyz eyeryän agzybir maşgalady. Köne fotosuratlardan garaşsyz Türkmenistanyn geljekki ilkinji Prezidentinin ene-atasynyn mähirli keşpleri sana garap dur. Onun durmuşy Ikinji jahan urşunyn örän agyr synaglaryna döz geldi. Kakasy Atamyrat şol urşa meyletin gitdi. OI gaydyp gelmedi, OI Kawkazda Watan ugrundaky söweşlerde gahrymanlarça. Bu barada ogly ençeme yyl geçenden son bilip galdy. 1943-nji yylyn yanwarynda uzak Kawkaz topragynda türkmen esgerini jaylan hoşniyetli adamlar Yensin yzysüre Atamyrat Nyyazowyn hossarlaryny gözlediler. OI yerde, Wladikawkazyn golayynda sadaja yadygärlik oturdylypdyr, onun ayagujynda hemişe ter gül desselerini görmek bolyar... şu adamlar ençeme yyllar geçenden son, gahrymanyn yanyndan tapylan hat hakynda gürrün berdiler. Bu hat yitdi, emma ogly ony ömürboyy okan yör, ol ençeme muşakgatlary başdan geçiren esgerin elini, kagyzlaryn üstüne eglip oturan açyk yüzüni aydyn göz önüne getiryär. şol kagyzlarda nähili sözler yazylypdyr? Atasy ogluna nämäni wesyet edipdir? "Özüne berlen durmuşa mynasyp bol, ejeni söywe aya, yeryüzünde hoşnietliligi köpelt...". Saparmyrat şu wesyetleri hem kakasynyn wesyetleri hasaplayar. Olaryn birini yerine yetirip bilmänligi onun günäsi däl: beyleki yadygärlik GELMEZMI? Yaş Saparmyrat Nyyazow özünin şu şahyrana setirlerinde wepat bolan ene-atasyna we doganlaryna bolan söygüsini hem-de yürek awusyny beyan edipdir.Uruş betermiâ yer beter? Aşgabatda örboyuna galyp dur. Yaş türkmen zenany öz çagasyny mähremlik bilen bagryna basypdyr. OI öz çagasyny şirin janyny gurban berip halas edyär! OI milletin geljekki, yol Ibaşçysyny öz şirin janyndan geçip halas edyär! Elhenç yerasty sarsgyny ony we onun iki ogluny heläk edyär. Saparmyrat 8 yaşyndaka yalnyz yetim galyar... Yok, ol yalnyz galmady. şunun yaly elhençligi başdan geçiren, uruşda, yumrulan jaylaryn keseginin astynda yakyn adamlaryny yitiren adamlaryn yüzlerçesi, münlerçesi elinden gelen kömegini edip ony goldadylar - göwünlik berdiler, okatdylar, köşeşdirdiler... Yaş Saparmyrat adamkärçiligin belent sapagyny, işjen we sap yürekli gylyk-häsiyetin sapagyny aldy. Megerem, "halk" diyen söz hut şol wagtlar onun üçin janly - gymmatly mana, onun ykbalyna öwrülen bolsa gerek. Wagt geçyär, ol eyyäm yer titremesinin pidalaryna hormat goyup, gijesini gündiz edip weyran bolan şäheri dikeldenlerin edermenligine mynasyp baha bermegi başardy. ...Internatda orta mekdebi tamamlap, Saparmyrat önümçilige geldi, bu yerde ol sada zähmetkeşler bilen gatnaşykda bolmagyn ilkinji tejribesini aldy, olaryn hakyky mätäçliklerini duydy. Birneme sonrak, bilime bolan meyil ony Leningradyn politehniki institutyna getiren wagtynda, ol eyyäm näme isleyändigini berk bilyärdi. OI hemişe bolşy yaly, yzygiderli, ädimme-ädim özünin yenil bolmadyk durmuşynda önde goyan maksadyna tarap gyşarnyksyz hereket edyärdi. Yaş inzener-energetik 1967-nji yylda 860300 nomerli şahadatnamany aldy. Bu nomeri öz başlandyjy boyunça häzirki Sankt-Peterburgyn politehniki uniwersitetinin kiçijik gazetinin işgärlerinin özleri gözläp tapdylar, olar ady sonra bütin äleme yayylan uçurymlaryna hakykatdan hem guwanyarlar. "Bizin institutymyzyn uçurymy Türkmenistanyn ilkinji Prezidenti boldy" atly makalada şeyle setirler bar: "Ilkinjinin yoly hemişe kyn bolyar we ol dine bir güller bilen däl-de, eysem gül tikenleri bilenem örtülyär. şu yolda özüne mynasyp yoly seçip almak üçin zehinli, çunnur bilimli we adamkärçilikli adam bolmak gerek. Munun özi senin yzyn bilen öz ykbalyny sana ynanan millionlarça adamyn baryandygy üçin-de örän möhümdir. Prezident S.Nyyazowyn Permany bilen döwletde suwdan, elektrik energiyasyndan we gazdan mugt peydalanylyar. Öz halkynyn agyr synaglary başdan geçirişini gören Prezident olaryn hiç birinin gymmatly suwun yekeje damjasyny hem keypine yere dökmejekdigine, kyrk gradusa yetyän yssyda gerekmejek halatynda elektrik arkaly gyzdyryjylary işletmejekdigine we dünyänin islendik nokadynda islendik walyutada örän gowy girdeji alyp boljak gazy biderek howa goybermejekdigine tüys yürekden ynanyar. Bu zatlaryn hemmesi halkynkydyr we bütin halkyn abadançylygynyn hatyrasyna peydalanylmalydyr..." S.A.Nyyazow mähriban politehniki institutyny örän uly minnetdarlyk bilen yatlayar. Yeri gelende aytsak, Saparmyrat Türkmenbaşy yaşlygyny yatlap, hemişe dikeliş yyllarynda özüni dine hoşniyetli we sap yürekli adamlaryn gurşap alandyklaryny nygtayar. Yaş yigidin kemala gelen durmuş tejribesi galplyk, haramlyk, parahorluk... yaly yaramaz zatlara sezewar bolmady. Dine ençeme wagt geçenden son, ol yokary häkimiyetin işleyiş guralyny öwrenip, onun beyleki yaramaz, kähalatlarda bolsa jenayatçylykly taraplaryna hem akyl yetirdi. Belent adamkärçiligin ruhunda terbiyelenen son halkyn geljekki yolbaşçysy rehimsizlige yüz urmazlyk, aydyn akyl yörelgesini yitirmezlik yoly bilen gitdi. Hut şu sypatlar ona baryp şol yyllarda düzgünin tersine, onun gowşak taraplaryngöz yetirmek bilen, yzygiderli özgerişlikler işine başlamaga, mümkin boldugyça mähriban halkynyn bähbitlerini goramaga mümkinçilik berdi. ...Leningradyn
politehniki insitutynyn uçurymy 1967-nji yylda Büzmeyin GRESine gelyär.
Sanlyja aylardan son, ol döwletin şol wagtlar esasy energetika desgasy
bolup duryan kärhanada işçilerin yakyn adamsyna öwrülyär. Tebigy zähmetsöyüjiligi,
öz işini örän gowy bilmegi we guramaçylyk, zehini ony yokary derejede tayyarlykly
hünärmen, önümçilik yolbaşçysy hökmünde şöhrata getirdi.
S.A.Nyyazowyn döwlet yolbaşçysynyn wezipesine bellenmegi hem SSSR-de üytgedip gurmak başlanan wagtynda ykbalyn emri yaly bolup görünyâr. Yurtda gadymy yörelgeleri hiç bir oylanmazdan weyran etmek ruhy höküm süren şol yyllarda döredijilik hem-de syyasy hyjuwlylygy görkezyän düypli oylanmaga ukyply adam edil howa yaly gerekdi. Türkmenistanda şunun yaly talaplara layyk gelyän başga adam yokdy. Mundan başga-da, Saparmyrat Nyyazow eyyäm şol wagtlar ägirt uly imperiyanyn dargajakdygyny bilyärdi. Hökmürowan merkezin nalajedeyinligi göze dürtülip durdy, ol yagdaya gözegçilik etmegi eyyäm başarmayardy we şeylelikde bulam-bujarlygyn hem-de güyjün gowşamagyna yardam edyärdi. şol wagta çenli SSKP MK-nyn Syyasy Byurosynyn agzasyna öwrülen döwlet baştutany bu barada soyuzyn gurultaylarynda we SSSR Yokary Sowetinin mejlislerinde aç-açan aydyardy. Emma S.A.Nyyazow "täze işgärler, tolkunynyn" wekillerinin arasynda uzakdan görüji hemde payhasly syyasatçynyn abrayyna eye bolup, öz möwritini geçiryän häkimiyet edaralarynda düşünişip bilmedi. Hakykatyny aydanynda bolsa bu zatlaryn eyyäm geregi hem yokdy. Bosagada eyyäm täze eyyam durdy - garaşsyz Türkmenistan döwletini dörediji türkmen baştutanynyn aydyn - açyk yoly yakynlaşyardy. ...Saparmyrat Nyyazow 1990-njy yylyn 18-nji yanwarynda Türkmenistan SSR Yokary Sowetinin başlyklygyna saylanyar. OI Türkmenistanda çykdajyly ykdysadyyeti özgertmegin zerurdygyny aç-açan aydyardy. Payhasly syyasatçynyn şu wagta çenli örän takyk maksatlayyn hereketleri bardy. TKP MK-nyn birinji sekretarynyn we döwletin Yokary Sowetinin başlygynyn wezipelerinin birleşdirilmegi şol yönekey bolmadyk syyasy pursatda yeke-täk dogry çözgüt boldy. Nyyazow döwletde dine bir häkimiyeti saklamak bilen çäklenmän, eysem ony durnuklylygy hem-de tertip-düzgüni saklamaga hem gönükdirdi. Täze yolbaşçy tarapyndan yolbaşçylyk edilyän deputatlar topary şondan yarym yyl geçenden son "Türkmenistan Respublikasynyn döwlet özygtyyarlylygy hakyndaky" jarnamany kabul etdi. 1990-njy yylyn 27-nji oktyabrynda bolsa S.A.Nyyazow ählihalk saylawlarynyn jemleri boyunça Türkmenistanyn ilkinji Prezidenti boldy. Saylawçylaryn 99,5 prosenti öna ses berdi. Halkyn mundan beyläkki ykbalyny taryhy taydan seçip almak üçin, S.A.Nyyazow onun bähbitlerini goramagyn yoluna berk gadam basdy. Doly garaşsyzlygyn berkarar edilmegi milletin, döwletin hakyky abadançylygyny hem-de gülläp ösmegini gazanmagyn maksady we serişdesi hökmünde bellendi. 1991-nji yylyn 27-nji oktyabrynda âhlihalk sala sayşygynyn netijesinde Türkmenistan garaşsyz döwlet diylip jar edildi. Onun ilkinji Prezidentinin önünde döwletliligin özbaşdak yoluny seçip almagyn örän çylşyrymly wezipesi peyda boldy. şu yenil bolmadyk günlerde Prezident Nyyazowyn syyasy erki, payhaslylygy we uzakdan görüjiligi doly derejede yüze çykdy, ol ona halk arasynda hakyky abray getirdi. 1992-nji yylyn 21-nji iyunynda özygtyyarly Türkmenistanyn Konstitusiyasynyn kabul edilmegi bilen baglylykda gaytadan Prezident saylawlary geçirildi, bu saylawlar S.A.Nyyazowyn ygtyyarlyklaryny tassyklady, 1994-nji yylyn yanwarynda bolsa ses bermeler netijesinde biragyzdan nobatdaky saylawlary geçirmezden, ony Prezidentlige ikinji möhlete saylamagy karar etdi. şol we sonky yyllar geçiş döwründe döwlet gurluşynyn meselelerini nazary we amaly taydan işläp tayyarlamak üçin Saparmyrat Nyyazowdan bar güyjüni bir yere jemlemegi talap etdi. OI anyk taryhy döwürde anyk milletin talaplaryna layyk gelyân döwletliligin dünyä tejribesi üçin täsin nusgasyny öne süryär. Toplumlayyn ykdysady maksatnama hem-de onyn bitaraplygyn daşary syyasat yörelgesine esaslanyp, bu nusga Türkmenistanyn garaşsyz ösüşinin sekiz yylynda özünin doly özbaşdaklygyny görkezdi, onun awtoryny häzirki zamanyn görnükli döwlet işgärlerinin hataryna çykardy. Konstitusiyany, Türkmenistanda geçiş döwrünin yörelgesinde birleşdirilen, "10 yyl abadançylyk" diylip atlandyrylan ösüşin köp sanly maksatnamalarynyn awtorlyk hukugy S.A.Nyyazowa degişlidir. Onun esasynda yurdun içinde milli ylalaşygy gazanmak, adam hukuklaryna, milli azlyklaryn edyänlerin hukuklaryna hormat goymak, ilatyn güzerany pes gatlagyny durmuş taydan goldamak, yuwaş-yuwaşdan bazar ykdysadyyetine geçmek, eyeçiligin dürli görnüşlerini ösdürmek, mayalary çekmek hem-de häzirki zaman tehnologiyalaryny ornaşdyrmak esasynda milli baylyklardan ginden peydalanmak yatyar. Prezident S.Nyyazow we onun Yolbaşçylyk edyän Minystrler Kabineti onyn bitaraplyk hem-de ähli yurtlar bilen hyzmatdaşlyk syyasatyny durmuşa geçiryär, ol bolsa hormat goymak, özara peydalylyk hem-de birek-biregin içerki işlerine gatyşmazlyk yörelgelerine esaslanyar. BMG-nin Baş Assambleyasy Türkmenistanyn daşary syyasatyna yokary baha berip, 1995-nji yylyn 12-nji dekabrynda "Türkmenistanyn hemişelik bitaraplygy" diyen Ykrarnamany kabul etdi, ol Aziya sebitinde yurtlaryn arasynda ginişleyin syyasy, söwda-ykdysady hem-de medeni gatnaşyklar üçin, Yer yüzünde parahatçylyk söyüjiligi berkarar etmek üçin iri halkara ädimine öwrüldi. Hemişelik bitaraplygyn toplumlayyn ykdysady maksatnamasyna hem-de daşary syyasat yörelgesine esaslanyp, Türkmenistanyn baştutanynyn döwlet nusgasy Türkmenistanyn garaşsyz ösüşinin sekiz yylynda özünin doly esaslylygyny görkezdi, onun awtory bolsa häzirki zamanyn in görnükli döwlet işgärlerinin hataryna çykardy, Halkyn önünde bitiren ayratyn hyzmatlary üçin, Türkmenistanyn Mejlisinin 1993-nji yylyn 1-nji oktyabryndaky Karary bilen Türkmenistanyn Prezidentine Türkmenbaşy diyen hormatly at dakyldy. Bu at türkmen döwletliliginin ayrylmaz nyşanyna öwrüldi. Saparmyrat Türkmenbaşy Watanyn Yokary sylaglaryna üç gezek mynasyp boldy - Türkmenistanyn Gahrymany diyen ada we "Altyn Ay" altyn medalyna mynasyp boldy. Türkmenlerin garaşsyz döwletini döretmek hakynda beyik türkmen şahyry hem-de akyldary Magtymgulynyn pikirlerini durmuşa geçiryändigi üçin, S.Nyyazow Magtymguly adyndaky Halkara bayragyna mynasyp boldy. S.Nyyazow köp sanly ylmy, filosofik eserlerin awtorydyr, ol dünyänin örän uly akademiyalarynyn iyem-de uniwersitetlerinin hormatly akademikligine we professorlygyna saylandy, halkara bayraklary, ordenleri hem-de medallary bilen sylaglandy. Saparmyrat Türkmenbaşy öz başlangyjy boyunça 1991-nji Yylda döredilen Dünyä türkmenlerinin gumanitar birleşigine Yolbaşçylyk edyär, ol daşary yurtlarda yaşayan türkmenlerin hemmesini ruhy taydan birleşdiryär. OI 1994-nji yylda umumymilli "Galkynyş" hereketini esaslandyrdy. S.A.Nyyazow Türkmenistanyn Demokratik partiyasynyn hem başlygydyr. Saparmyrat Nyyazow maşgalaly, onun bir ogly, bir gyzy, iki agtygy bar. ...1998-nji yylyn tomsunyn ahyrynda bütin türkmen halky umytda we howsalada boldy. Uzak Münhende professor Gans Meysner milletin baştutanyny örän howply, çylşyrymly operasiya tayyarlayardy. 31-nji awgustda bolsa yurt tanymal lukmanyn amala aşyran täsinligini bilenden son, yenillik bilen dem aldy. Adamlara berlen yürek... Munun özi şu halatda dine bir menzetme däldir... Saparmyrat
Nyyazowyn işe ukyplylygy hakykatdan hem hayran galdyryjydyr. OI baryp yaşlygynda
öz iş gününi ir sagat 7-den başlamagy endik edinipdir we özünin şu endigine
häzir hem eyeryär.
Dogabitdi
yolbaşçy, goy ol syyasy, döwlet işleri bolsun ya-da dostlaryn, yoldaşlaryn
bilen meylisler bolsun - ähli yagdaylarda hem şonlugynda galyar. Hemme
işde başlangyç hemişe-de ona degişlidir we ol bu başlangyjy arkayyn, tebigy
yagdayda saklamagy başaryar...
Ol şahsy dynç alşy baradaky meselä jogap bermegi halamayar. Emma şeyle-de bolsa ol bir gezek şeyle diydi: "Kähalatlarda işlerin seyrekleşyân wagty hem bolyar, emma şonda-da ol işin dowamyna öwrülyär, sebäbi pikir edyän, okayan zatlaryn hemmesi tolgundyryan meseleler arkaly akyl eleginden geçirilyär. şunun yaly yagdaya öwrenişip gidyärsin, ol kada, has beteri-de talaba öwrülyär. Düynki bilmedik zatlaryny bilmäge we şu gün dünyä has payhaslylyk bilen garamaga kömek edyär. Adamzat siwilizasiyasynyn taryhy syyasatçy üçin hem, galyberse-de menin üçin payhaslylygyn bahasyna yetip bolmajak hazynasydyr, onun sahypalaryny agdarmakdan has peydalyrak, yakymly zat yok. Sazy göwy göryârin. Dynç alyş diyen zady bilmeyärin, mümkinçilik bolan wagty dagda gezelenç etmegi halayaryn. Häli-şindi rulun başyna geçyärin - maşyny özüm sürmegi halayaryn. Saz bolsa türkmenler üçin durmuşyn bir bölegidir, ol durmuşyn özüdir. Türkmen doglandan tä ölünçä, dutar dinleyâr. Dutaryn sesi bolsa onun ruhuna jadylayjy täsir edyär". Onun uzak geljegin işi yaly bolup görünyän oy-pikirleri durmuşa geçirmek babatda adaty bolmadyk ukyby bar. Beyik Ruhnama - ony döretmekden durmuşa geçirmäge çenli bary-yogy bir yyldan hem az wagt geçdi. "Türkmenlerin altyn asyry" diyen sözler owadan arzuw yaly kabul edilyärdi. Häzir Altyn asyryn ilkinji on yyllygyna niyetlenen we ol tarapyndan döredilen anyk maksatnama işleyär... Uly Halk maslahaty münyyllyklaryn sepgidinde yurdun garaşsyz ösüşinin sekiz yylynyn jemini jemledi. Türkmenlerin bagtynyn we ykbalynyn özleri üçin mukaddes bolup duryan Türkmenbaşy adyna jemlenendigi bolsa munun esasy netijesidir. Möhletini çäklendirmezden Prezidentin ayratyn ygtyyarlyklaryny S.A.Nyyazowa bermek hakynda Halk maslahatynyn gelen çözgüdi bütin milletin sesidir we erk-islegidir. Hatda bu çözgüt hem däldir. OI zatlaryn tebigy barşydyr - dem alşyn, yüregin urşy, çaganyn dogluşy yaly bir zatdyr. Onun sonkusy ayratyn layyk gelyär. Yurt Türkmenbaşy bilen bilelikde doguldy onun sesi, yylgyrmasy, çäksiz atalyk aladasy bolmasa, yurdy göz önüne getirik mümkin däl. Ol
türkmenler üçin kim? şu aşakdaky şahyrana setirler bu sowala örän aydyn
jogap beryär:
Ayralygyn ajy hasratyn çekip, |