D r .  M e h m e t    K I L I C

 

16.12.1934-nji yÿlda Ýran Türkmensährasynyñ Kümüþdefe obasynda sövdagär bir türkmen maþgalada dünÿä gelÿär. Dört ÿaþyndaka dädesi (Söÿünjaly hajy) Kümüþdefeden Gonbed Gabusa göçÿär. ÿedi ÿaþan vagty ejesi (Keÿik) aradan çykan Kylyç, baþlangyç mektebi bu þäherde ve orta mektebi-de paÿtagtyñ Mervi lisesinde gutarandan soñra, öz dogduk mekany bolan Kümüþdefede mugallym bolup iþe baþlaÿar (1955).
1957-nji yÿldan 1964-nji yÿla çenli Gonbed-Gabusda, 1964-nji yÿldan 1968-nji yÿla çenli-de Tähranda iþleÿär. 1959-nji yÿlda Gürgen þäherinde Mugallymçylyk ÿokary Mektebini, 1963-nji yÿlda Kimÿa ve 1968-nji yÿlda Biÿoloji ÿokary Mekteplerini gayÿbana gutarÿar. 1968-nji yÿlyñ 23-nji Julyÿnda-da aÿaly, iki ogly ve bir gyzy bilen Türkiÿä göçüp gaÿdÿar.
Türkmen gyz-oglanlaryny Türkiÿä okuva ÿollamak ugrunda iþe giriþip, 1964-nji yÿlda 15 türkmen gyzyny Türkiÿä ugradan ve öz þol mukaddes iþini soñraky yÿllarda-da dovam etdiren Ýran türkmenleriniñ Medeni Serdary, edermen adam Dr. Ahmed Garadaglynyñ ÿanynda bolup, onuñ hayÿrly iþlerine öz goþandyny goþan Mehmet Kylyç, Türkiÿede türkmen gyz-oglanlarynyñ okuv iþleri bilen gyzyklanyp özi-de Ankara Üniversitesiniñ Typ Fakültesiniñ synaglaryny gazanyp þol fakültede okuva baþlaÿar. (1968)
Okuvynyñ iñ soñky synagyndan geçmegine 6 aÿ galanda, 1975-nji yÿlyñ 9-nji Julyÿnda Ýrana görme-görþe giden mahaly, elinden pasaporty alnyp, Pehleviniñ ÿaþryn polisi-SAVAK tarafyndan türkmen milletçiligini ÿaÿmak günäsi ÿö-kelip, soraga çekilip baþlanÿar ve þol yÿlyñ 13-nji Septemberinde Tähranyñ Evin tussaghanasyna salynÿar.
1976-nji yÿlyñ 23-nji Ojtoberine çenli ol ÿerde saklanÿar ve dürli þekillerde gynalyp-azar berilenden soñra Tähranyñ meþhur Gasry Gajar türmesine äkidilÿär. Þondan soñra bir tutulyp bir çykarylyp gün baryny gören Mehmet Kylyja Türkiÿedäki öz maþgalasynyñ ÿanyna gaÿtmagyna hem rugsat edilmeÿär.
Ahyrso-y 1978-nji yÿlyñ 8-nji Septemberinde günbatar Azerbaÿjanyñ daglaryndan geçip Türkiÿä gelÿär ve okuvyna gaÿta baþlap ony 1982-nji yÿlyñ 17-nji Februarynda gutaryp doktorlyk diplomyny alÿar. Þol yÿlyñ 25-nji Avgustynda Türkiÿäniñ Adalatlylyk vezirliginiñ, Ýstanbulda ÿerleþÿän Adli Typ Merkezinde asistan bolup akademik iþe baþlaÿar. 1985-nji yÿlyñ Avgustynda þol ylmy merkeziñ uzmanlyk synagyndan üstünlik bilen geçÿär ve þol yÿlyñ 12-nji Septemberinden tä 1995-nji yÿlyñ 1-nji Julyÿna çenli-de Almanÿada hususi bir firmada iþleÿär.
Dr.Mehmet Kylyç þeÿle kynçylyklar bilen-de, öz gyzy ve ogullaryny okytmaklygy baþarÿar. Olaryñ her biri, bir ugurda uzman doktor bolup häzir Türkiÿede iþläp ÿörler.