Türkmen Aýdym-saz
rowaýatlaryndan
Köňül joşa gelmez Dil hem sözlemese
Her ýürekde yşykdan Köz hem bolmasa
Magtymguly
Dilber
Dagyň göwsini
ýaryp çykan çeşmäniň durnaň gözi ýaly dury suwy üsti
gür böwürslene basyrylan şildirewük owazly gadym ýapdan aşaklygyna
gün şoglasyna aşyk bolup barha ýagtylyp,öwşün alyp akýardy.
Ol bulak şol
ýap bilen joşup gelşine,Köşi obasynyň çetindäki ýalpak
güzere ýazylyp ýaýraýardy.Göwni giňän adama
meňzäp, asudalyk tapýardy.
Şol
güzeriň başynda şaxalaryny çar tarapa oturan ýalňyz bir
söwüt agaji bar eken.Bu goja daragtyň ýaşyny
bilýän-goýýan ýok eken.Obanyň segsen-togsan
ýaşan garrylaryndan sorasaňam, olar „ meniň oglanjyk wagtymam
şu söwdiň şu durşydy „ __ diýip , jogap berer eken.
Hawa,garry söwüt
başyny dik asmana çekip,alys ýerlerdenem hellewläp görünýärdi.
Onuň çar tarapa
egilen üzünden-üzün şaxalarynyň tylla ýaprakly pudaklary, has-da
güýzüne gören gözi dokundyrýardy.Salkyndy.
Bu gözeriň başy
üzün günläp,suw almaga gelen gyz-gelinlerden doly bolýardy.şonuň
üçin bolsa gerek,bu mekana, bu jelegaýa gyzgözer
__ diýerdiler.
Äpet söwdüň
aşagyndaky şagalaňly gyzgözere erkek adamlar gelmezek bolardy.
Atly atyny,düýeli
düýesini,suwa ýakardy.Gelin-gyzlara gabak galdyrmazdylar.Uly
gyzlar , gaýtarmalar,ýaş gelinler … olar munda gülüşerdi,
degişerdi,derdineşerdi, iç döküşerdi.Gün gyzyberse, kä biri köýnegi-zady
bilen suwa göýbärdi.Öw hä atardy.
Öz-özleri hezil ederdi.Megerem
olaryň iň erkinje pursatlary , şu – gyzgüzeriň başyn gelen
çaglary bolsun gerek.Gyz-gelinleriň bir bölegi ,sallana-sallana,egni suw
kädili öýne gaýtsa,ýene bir bölegi egnine küýze
gelşirip suw almaga gelerdi.Garry söwdüň saýasyndaky gyzgözer üzünli
gün gyzyl-çog bolar durardy….
…Şu tomsuň şu
gijesiniň howasy diýseň sergindi.Daş işiklerindäki
sekiniň üstünde ýeke özi ýatan ýigidiň gözüne
uky gelenokdy.
Gijäniňem indi
ep-eslisi geçiberpdi.Ỳigit bir eýlesine agdarylýardy,birem
beýlesine käte çyň arkan düşüp, asmandaky petreşip duran
ýyldyzlara dykanlardy.oňa ynjylyk bermeýän, ukusyny
tutdyrmaýan dert-ahwalat Annagül atly
gyzyň yşkydy.
Ỳigit
eňegini ýassyga berip küýe batdy; „il –gün meni
diňleýär,toý-tomaşa bolsa, Hally ikimizi, tüweleme,
ýatlaşyp dur...menem goşgy okan bolýan, Hallymam aýdym
aýdyp berýär.Garyp-gasarlar häli-şindi maslahata-da
geläýýär.*Magtymgulyny okap ber * diýip günde –günaşa
ýaşulylaram çagyrýar.Garaz, abraý alna ýagşy-da,
oňardagymyzdan saklajak bolýas.Ỳöne ... At aljak bilen
gelinaljaga hudaý ýetiýrmiş diýlendir.özüňem
eşejigiňi berk guşamaly diýlendir...
Ỳigit
şeýdip, ham-hyýala gark bolup ýatyşyna arzylysy ANNAGÜLI
öwran-öwran göz öňüne getirdi.Köňli joşup galama ýapyşdy.Ol
ýüz ugra-da * DILBER * diýip bir goşgy ýazdy. Şu goşgyny hökman ANNAGÜLÜŇ özüne okap bererin…
Tomus gijesi
sabyrsyz bolýar.Daň saz berenden,xoroslar „Gökgöz aga „
diýşip obany ýaňlandyrdy.
Ỳigit howlukmaç ýerinden
turdy-da, gyzgözere tarap haýdady.
Gyzgözeriň başy
boşdy.“ Ynha,haý diýmän gün asmana galar weli,
gelin-gyzlaryň başyn çekip, ANNAGÜLÜM geler.Ynha, annagülüň
küýzesini susýan ýeri,aýajygyny basýan
ýeri.“
Dag tarapdan
öwüsýän pessaýja sergin şemal äpet söwüdiň çür başyndaky
ýapraklaryň şybyrdasy.Annagülüň pyşyrdasyna ogşap,başyňy
sämedýär.Iniňi sandyradýar.
Ỳigit öten
agşamky ** DILBERINI ** dilinde doga edip gaýtalaýar.
Anha parlap jahan
ýagtyldy.Ỳigit körpeje bagyň berenine duwlandy.Suwa ilki
gelen Annagül boldy.Allanyň emridir
,ýeke özi !!
Ol
küýzeleriniň birini dolduryp,ikinjisini suwa batyrdy.Ỳigit
hem ýerinden zyňkyldap galdy :
ANNAGÜL !
-Hyý,
wiý, Annagylyç.....
Ỳigit bilen
gyzyň arasynda bolan bar gürrüň şu!! Olar bir-biriniň meňzinden döýman Dilden galyp duruberdiler.
Annagylyja
gurbat indi,şeýle
diýip seslendi :
Serim saňa sadaka ,
sallangyn bäri dilber
Göwsüň külli-bulgurynyň ,
gümänim nary dilber
Didaryňa muştak
men,
derdime däri dilber
Täze ýylyň nowruzy,
pasly-bahary,dilber
Täze açylan nowgül
sen,
men hyrydary dilber
Danyşsak hylwat ýerde,
dilleriň ne ajaýyp
Zenehdanga
dökülgen,
telleriň ne ajaýyp
Guçsam
inçe
biliňden,
billeriň ne ajaýyp
Ary
kemin aýrylman,
allaryň ne ajaýyp
Seniň
mazany
bermez
bagyň eňňury
dilber
Gyzyň
gözünden al ýaňagyna bir katra damdy.
Goşgynyň izini
okamaga maý bolmady.Gyzgözere ýetip gelýän iki
geliniň jak-jak gülküsi päsgel berdi.Annagylyç ýumlykdy
elbetde.....
Annagül bolsa bir
küýzesini suwdan dolduryp,beýlekisini hem ýarty edip
öýlerine ugrady.Gyzyň gözünden ýol boýy ýaş
paýrap durdy,paýrap durdy....
Sebäp Annagülüň
kakasy gyzy üçin Weýsek baýlardan eýýäm galyň
alypdy ahyry.
Soň Annagylyç
mätäjiniň ** DILBER ** goşgysyny hally bagşy aýdym edip
aýdypdyr.
Hally bagşyň
şägirdi Sahy jepbarof bolsa, ol aýdymy ( DILBER )biziň günlermize
ýetiripdir.
DILBER
aýdymyny şu günlerem bagşylar ürç edip aýdýarlar.
Gapy gezen gara däli gökleň
XIX – Asryň
başynda Hiwa hany Amyderýadan ägirt köp meýdany suwlandyrmaga
ýeter ýaly suw almaga başarýar.Hiwanyň töwereginde
bolsa suw berseň gyzyl önd-
ürjek mes toprakly
ýerler näçe diýseň bardy.Hiwanyň mes topragynyň
tarapyny ýetir
-ýän bir
gepem bar :
„ Mazarystanlygy
suwarsaň, hakyt adam gögerýärmiş „
Ynha,şol gonamçylyga
suw berseň adam gögerýän mes toprak, bol suw, ýöne
daýhan bolmasa, diňe ýer bilen suw hasyl öndürenok.
Hiwa hany
Amyderýadan ägirt suw alansoň, ummasyz adam güýjüni
toplamagyň ugruna çykýar.çünki bol suwy ýerlikli
peýdalanmak üçin uly-uly ýaplar gazmaly, ekin eker ýaly
ýerler açmaly.Garaz,adam güýji näçe diýseň gerek.
Işçi güýjüni
toplamak üçin MUHAMMED RAHIM han çar tarapa çapawullap başlady.
Ol töwerekdäki
merkezleşen döwleti bolmadyk ownuk halklary talaýardy, daýhanly-
ga ýarajak adamlary
hiwa sürgün edýärdi,ýesir alýardy.
Şeýle
basybalyjylykly çozuşlaryň iň ulusam 1820nji ýyllarda
boldy.Muhammed rahym han GARRYGALA hem ARKAç Türkmenlerini ýesir alyp
Hiwa sürgün edip äkidýär.Som-saýak bolup Hiwa ugran halk gyzylbaş
nowruzy günlerinde yzyny üzmän ýagýan gar gatyşykly
ýagyşyň içinden barýardy.
Bosgunlaryň köp
sanysy açlykdan, batyp-çommakdan, sowukdan ýaňa heläk bolýa-
rdi.Şol
ýesirleriň arasynda beýik sazanda GARA
DÄLI GÖKLEŇ hem bar eken.
Biziň şu
günlerki “ Ỳandym “ ady bilen diňleýän sazymyz
Garadäliniň ömür mukamydyr.çünki Ỳandym sazynyň 1 nji bölümi
şol Hiwa sürüşligiň bosgynlygyň ,
Ahy-nalasyny
suratlandyrýar.
Şonuň üçinem “
Ỳandym “ diňläniňde, Han atlylarynyň halys tapdan düşen
ýesirleri
Gamçylap çalt
ýöretjek bolşy, batyp-çomup, ýykylyp-sürşüp barýan
garrylaryň, gelin
-gyzlaryň
ahy-nalasy göz öňüne gelip, diňleýjiniň ýüregini
gyýym-gyýym edýär.
Bu pajygaly
ýagdaýy Garadäli öz sazy bilen beýan eden bolsa,Zelili
şahyr ol uçurs-
yz agyr
ýagdaýy :
Sürüldiler il barysy eňşeşip,
Pyganyna daglar-daşlar gymşaşyp
Asman joşa geldi,
Zemin gowşaşyp
Bulutlar durdular nala, Seýidi
Ỳa-da
Ỳesiriň
ilersi barypdyr Tähran
Gaýrasy dolupdyr Hiwa Seýidi
-Diýip, suratlandyrýar.
Sazyň ikinji bölümi Garadäli gökleň Hiwada ýesirlikde
çeken agyr günleri hakynda, sazyň üçünji bölümi bolsa sazandanyň hor
düşüp, gapy gezişi hakynda
Ynha, şu ýagdaýlara salgylansaň “ Ỳandym “
sazynyň birden döremän,köp ýyllar-
yň dowamynda kämilleşendigini göz ýetirmek kyn däl.
Döreýiş möwritini köp ýyllarda, köp wakalara bagly bolşy
ýaly, sazyň ady hem dürli-dürlidir.Ilki başda sazyň ady **
Gara däli gökleňiň ýas mukamy ** bolupdyr.
Gara däli gökleň ölenden soň bolsa,ol saz özüni
döredeniň adyny göteripdir.
** Gara däli gökleň ** bolupdyr.Iň soňunda bolsa bu iňňän
kämil elegiýanyň taryx
-yndan bihabar kimdir biri,onuň plastinkada Gara däli gökleň
adyna garaman Ỳandym diýip goýberipdir.
Bu elegiýa häsiýetli, Iňňän kämil
aslyýetinde, uly göwremli eser Garadäli gökleňiň
Ömür mukamydyr.
Ussadym
Gönebege
bagyşlanan ol mukam
Kel bagşy
ýaşka öz döwrüniň uly halypasy AMANGELDI GÖNEBEGE şägirt bolup dyr.
Şonuň üçin ýaş sazanda 7 ýyla golaý Gönebegiň
öýünde bolup, saz öwrenipdir.
Kel bagşy Gönebegden
tälim alyp kämillige ýetensoň öz halypasyna bagyşlap
“ Ussadym “
diýen sazy döredipdir.Kel bagşy özüniň “ Ussadym “ sazynyň
birinji bölüminde Gönebegiň aýalynyň Ỳetişiklidigini,
Işeňerdigini,Hyzmatlydygyny teswirlä-
pdir.Şonuň üçin
“ Ussadym “ diňläniňde maşgalanyň hyzmatyna gaýym Türkmen
zenanynyň öýüň ortasynda oturyp mäşirik saraýyşy, her
aýagynyň başam barmagy-
na bir sallançag
bagyny orap, iki sallançagy bir wagtda üräp, çagalaryny hüwdeleýşi
göz öňüne
gelýär.Şonuň üçin sazyň kakuwy hem üwrilip duran
sallançagyň gidip-gelip duran badyna meňzäp dur.
“ Ussadymyň “
ortaky bölümi bolsa iki ýana hallan atýan mäşirigiň pyrlanyp
durşy kybaldaş gelýär. Sazyň soňky bölümi hem Gönebegiň
alaşysyny ýorgaladyp barş
-yny göz öňüne
getirýär.
„ Ussadym „ sazy
hakda bir kiçijik hekaýam bar.
Bir gün Gönebek
halypa şägirdi Allaberdini ýanyna çagyrdy-da, oňa Yzganda gidip
agşama çenli kakasyny alyp gelmegi tabşyrdy.
Allaberdi agşamara
kakasyny alyp gelende öýde Gönebek halypdan başga-da üç- dört sany ak
sakgal ýaşuly otyrdy.Salam hälekden soň Gönebek halypa myhmanlar-
yna ýüzlendi
:
-- Adamlar ynha, şu ýigid-ä meniň şägirdim
bolmaly.Ilki gelende oglanjykdy, indi ýigit çykdy, bu zaňňyr
ady Allaberdi.Men-ä muňa „ Kel Han „ diýýän.sebäbi
meniň ençe ýyllap ony eýt, muny beýt, diýen
iňirdilerim munuň saçyny düşüripdir.
Ynha, bu
gyrçuw sakgalam onuň kakasy Aýdogdy ýuwaş.Gaýraky
Yzgantdan gelen
-dir.Oturymy
şu ýerde.Siz maňa : „ Şu gün-ä Gönebek bize uly höwes bilen saz
çal-
yp berer
“ diýip,
oturansyňyz….
Atabakar aga
ýaşulylara seredip aýtdy:
--Hawa, biz-e şeýle bolar—diýip, gulak
gabardyp oturandyrys.
--Ỳok, beýle däl, adamlar.men dutary elime –de
aljak däl.bu gün meniň şägirdim, köp ýyllap çir-çitir bolup saz
öwrenen kel hany synagdan geçirmeli.Munuň kakasyn-
am
şonuň üçin çagyrdyk.Eger sizin synaňyzdan gowy geçip bilse, men
muňa edil häzir pata berjek.Terde sakgalyny ýere ýetiräýjek bolup,
egilip oturan Atabakar aga biraz dikelip gepledi.
--Baý-
bow, Göni, bizi sen bu günbeýle iş üçin çagyran ekeniň – ow.
Beýleki
ýasulylaram gozganyşdylar.Gönebek sözüni dowam etdi.
--Adamlar, Yzgantly sakgaldaşym Aýdogdy
ýuwaşyň ogly Allaberdini meniň ýanym-
da ençe
ýyllap saz öwrendi.menem bilenimi öwretdim.Indi muňa öwredip biljek
zad-
ym
ýok.Tüweleme, indi bu menden ozdurdy.Bolmalysam şeýle –dä
adamlar.
Ỳaşulylar gök
çaýdan nepeslerini durlansoň Gönebek halypa dutary şägirdine uzatdy
:
--Hany, Kel han, ýasulylara „ Bolmuşamy „ edip ber.
Şonda şägirt „ bolmaşam
„ sazy çalyp berdi.
--Heý tüweleme, senä Gönebegiň özüçeräk
çalaýdyň muny– diýip, Kerwen aga saz
gutaryp-gutarmanka dillendi.
--Gümansyratmagyn Kerwen, özçüräk
däl-de, özüçe...has dogrusy, gowrak çaldy diýsene – Diýip,
Gönebek dikeldi.
--Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär
ýiter ahwetin.Hany Kel han „ Şadillini „ bir edip ber bakaly.
Allaberdi dutarynyň kirşini gatyrak çekip, „ Şadillini
„ çaldy.
--Adamlar, heý kemi barmy? „Ybraýym şadillini „
özümem ýaňky ýaly çalyp bilerin öýdemok.Jahyl
oglanda, edil omrup barýar – how –Diýip, Gönebek halypa
soňky sözüni aýtdy.—Makul bilseňmen-ä Allaberdi Aýdogdy
ogluna pata beräýjek.
--Anha ogul, synagdana
geçdiň, ak
pata aldyň.Indi bize bir salym
hezil ber bakaly.
Allaberdi
dutarynyň sapyny sypap güýmendi.Oglunyň
hüý-häsiýetine belet Aýdogdy aga onuň bir zat
diýjek bolýandygyny aňyp : „ Näme
diýjek bolýaň ? çekinme-de aýdyber
„ Diýdi.
Allaberdi
ýere bakyp zordan gepledi :
Aý,
Gönebek halypama bagyşlap bir heňjagaz taslapdym.Şony entek hiç kime-de
eşitdiremokdym.diňe daga gidem-de öz-özüme çalyp berýärdim.Häzir
şony çalyp beräýsem diýjek bolýan.
Şägirdiniň bu
sözüni eşidip Gönebek halypa ýassygy tirsekläp ýatan
ýerinden derrew dikeldi.Özi hakdaky täze sazy eşitmäge howlukdy.
Gönebek
halypa bagyşlanan sazy eşitmäge hemmelerem
howlagan bolara çemli, ýerli-ýerden
seslendiler :
--Bäh, sen-ätüýs sägirt ekeniň – ow.
-- Ussat hakda
saz düzdüm diýsene.
--
Hany, Göni, diňle bakaly öz heňiňi.
-- Hany, çal,ogul,
ol niçek heňkä ?
Şonda Allaberdi bir
saz çaldy.Ony biz günde-günaşa radion „ Ussadym „ diýip
diňleý
-äris.Saz gutaran
badyna Gönebek halypa şägirdiniň arkasyna kakdy.
-- Berekella,senden tama-da
şeýledi.
-- Gönebek, heý
armanyň galdymy ? ýaňky sazyň bir ýerinde
dogurdanam seniň al-yorgaňy säpjedip barşyň ýadyňa
düşýär.
-- Hany, onda ogul halypň
Gönebege bagyşlan sazyňy ýene bir gezek çalyp ber bakaly. “ Ussadymyň “ saldamly kakuwlary
ýaşulylaryň gowruny ýatyrdy.
Olar ýuwaşjadan sakgallaryny gymyldadyp, saz ummanyna
çümüp gitdiler.
Goňurbaş mukamy
Şükür bagşy Eýrana gidip, Mämmetýar hanyň
sazandasy Gulam bagşy bilen çakyny alyşansoň, zyndanda ýatan
agasyny ýurda alyp gelýär.
Bu wakany “ Şükür bagşy “
kino filminde bilýärsiňiz.Olar dagyň kötel ýollaryndan
gijä
-niň bir wagtyna çenliýöräp halys
ýadadylar.Axyry obalaryna golaý gelensoňlar, dag-
yň baýyrlaç eňňidinde dynç almak üçin
düşlediler.çünki Şükür bagşy obalaryna bar-
sa, mähelläniň dynç almaga goýman, daşyna
üşjegini bilýärdi.Şonuň üçin ol agasy bilen daňdana çenli
gözlriniň awusyny almak üçin atlaryny ota göýberip gyşardy.
Agasy şol bada uklady.Şükür ýyldyzlary petreşip duran
dury asmana ser edip esli wagtlap uklamady.
--çapyk han ilerik gitjek bolamda „ Iş bitirip gelseň-ä
gowy zat welin, ýöne iliňi- aýa-
gyňy daňyp Atyňa ters mündürip kowup
göýberäýseler gerek „ Diýip gyjytly sözüni
aýdypdy.Hudaýa şükür, ony etdirmedik, agam gowuşdy diýip,
içini gepletdi ýatdy.
Axyry onuň begenji, büýsanji,tolgunmasy
süýji arzuwlar bilen utgaşyp, soňy düýşe ýazyp gitdi.
.... Ỳaňy dogan günüň tygy ýüzüne
degensoň Şükür bagşy syçrap ýerinden galdy-da, gapdalynda
ýatan agasyna seretdi.Zyndanda oturyp gaty ýadan bolara çemele,
ol süýji okuda ýatyrdy.Onsoň Şükür ho-ol aşakda
ýaýyliyp ýatan küren oba seretdi.
Ol oba Şüküriň öz obasydy.Oba uzakda bolsa-da belent
baýyryň üstünden täze dog
-an günüň şöhlesine edil eliň aýasynda
ýaly görünýärdi.Oba oýanypdyr.
Her ýerde, her ýerde-de tamdyryň agzyndan
çykýan tüsse guýlum-guýlum bolup dyk asmana
galýardy.Han-ha eýýäm sygyr çopanam mal sürüsini
öňüne salyp örä ugrady.Kim atly, kim eşekli, obadan saýlanyp
barýan adamlaryň hersi bir tarapa gid-
-syny çykaryp ot ýakdy. Tüňçäni jürdikdäki
suwdan dolduryp oduň gapdalynda goýdy.Onsoň ol ýenede
obasyna tarap ser etdi.Oba parahatlykda,şadyýanlykdy.
Gidenine sähel gün geçenem bolsa, Şüküriň göwnüne köp
wagt geçen ýalydy.
Hanha, obanyň günbatar çetindäki Mälikgul aganyň
töweregi gaýda-gaýmalaşyk.
Ol bü gün toý tutýandyr.Ol maňa “ Şükür
jan biz toýumyza Durdy bagşyny çagyrjak-
dyrys weli, aňyrujy ýetişip bilseň , senem
ýetişjek bolawergin “ Diýipdi.
Heý Durdy bagşy,Durdy bagşy…Damanaň piri Durdy
bagşy, sen geçen ýaz bagyr-
da bir toýda aýdym aýdaňda menem
ýanyňda saz çalypdym.Şonda sen birden dik asmana galyp, birdenem
pesaýlaýan zaryn owazyň bilen oturanlaryň gözüne
ýaş aýlapdyň.Aýdymy zaryn aýtmakda o
dünýä bu dünýäsen ýaly barmyka?şol taýda:
“ Dünýäni bir gözde gören.
Adyl bolup älem soran.
Döw- perige patyşah bolan,
Şahy Süleýman galmady „
Diýip,bozlanda öýden içre Amanaly aga :
Köňülde arman çoxdur, bu nalyşa ýürek parlandy „ diýip
bagyryberipdi.
Howwa nesip bolsa bu gün agşam toý bolar, Durdy
bagşam geler.Gör bu zatlary, üsti-üstüne hezillik.Ynha, Mälikguly agaň ,
toýunda-da ýetişdim.Anha : eýyäm ýaryşa
hyýaly bolan ýigitlerem atlaryny gezdirip başladylar.
Şükür obasynyň şu günki parahatçylygyny özüm gazandym
hasap edýyärdi.
„ Eýsem-de bolsa, parahatlyk
bolmanam bilerdi... „
Şükür öňňüniki alamana gidijek bolşuny
ýatlady.çapyk han obanyň ýigitlerini ho – ol görünýän
gyzgylt öwsüp ýatan takyra ýygnapdy. Anha, şol at
toýnagynyň yzyndan ýaňa edil petir bezilen ýaly
bolup ýatyr.Olara ýolbaşçylyk etmeli çapyk han agzynd-
an ak köpük saçyp gazaba münýärdi.
Şol takyrlyga ýygnanan atlylar
Şüküriň zyndanda ýatan agasyny halas etmek üçin Mämmetýar
han bilen çaknaşyga gitmelidi.Gan döküşli uruş bolmalydy.
....Şüküriň Gulam bagşynyň durşy bilen düwmeli
bezelen piliň üstünde saz çalyp gelşini görüp süssiniň basylanyny
agasyna aýdasy geldi.Öte keýip çaglykdan hem bitirip gelen işine
çäksyz büýsanji sazandany diyseň hoşdurdy.Ol haýdap baryp
beýlede otlap ýören atyň ganjygasyndan asylgy keçe gaply
dutaryny aldy.Gelibem agasynyň edil baş ujunda oturyp saz çaljak
boldy.Ỳöne bolmedy.Ertiriň dag tarapd-
an öwüsýän pesaý şemalyna baş atýan
goňürbaşlar sazandany haýsy saza başlasa ýalňyşdyrdy
durdy.Bir sazyň kakuwsyna başlasa, goňurbaşyň tolkuny onuň
elini çaşdyrýardy.Ahyry sazandanyň eli hem goňurbaşlaryň
hereketine gara kakuw edip başlady.Ỳöne welin diňe kakauw bilen saz
bolýarmy name!
Esli wagtlap goňurbaşlaryň tolkunyna görä dutaryny
kakdy oturdy, kakdy oturdy…
Birdenem sazandanyň barmaklary baş perdäniň
üstünden indide biçak büýsançli owazlary düwmelendirip-düwmelendirip
göýberdi.Onsoň şol bir saz taslamasyny gaýtalap outran
sazandanyň barmaklary bäşinji perdä bardy-da uçursyz inçe äheň-
li saz öwrümlerini hem öňkileriň yzyna sepläp
göýberdi, weli, täze bir aýakly – başly sazyň sudury boldy
duruberdi.Täze taslanan sazy Şükür gaýtalap birneme bişirdi. Onsoň
naýza boýy galan günüň ýylysyna meýmiräp
ýatan agasynyň egninden silkeledi.
-Agasy, agasy! Tursana, sen bi sazy diňläp görsene, tur
indi, hanha obamyz görnüp
dur, çaltyrak tur, çaýsyradygam.Anha, tüňçede
gaýnady.men çaý demleýänçäm ukudan açyl hany…..
Be, içi zeýili zyndan meni gowy söküpdir
–Diýip, Şükrüň agasy birki owurt ajy çaý içensoň
ýuwaşja dillendi.
--Hany, ýaňy saz diňle diýdiň
weli, çal, eşideýli.
Şükür agasy ýatyrka taslan sazyny inden öňden
türginleşen sazy ýaly edip uly hüj-
üw bilen çaldy.Agasy börtüläp duran gabaklaryny galdyrman
esli salym durdy.Şol oturşyna-da Şüküre sorag üstüne sorag oklady.
--Bi sazy ön-ä çalaňokdyň, şeýledälmi?
Ỳogsada bu sazy kimden öwrendiň?
--Hiç kimden öwrenemok agasy.
--Onda bu saz name asmandan indimi?
--Ỳok, agasy, biz sazy şu ýerde tapdym.özüm
düzetdim.
-- Ỳogsa-da, bi sazy nädip düzdüň.Äl gowy saz
ekeni-aýt!….
--Agasy, bu sazyň kakuwny-ha şu şemal ugruna
tolkunýan goňurbaşlardan aldym- diýip, töweregine göz
aýlady. – ine bu düwmelendirip çalynýan buýsançly
ýerlerin-
em, seni zyndandan boşadynyma bolan begenjimden aldym.
Onsoň Şükür birneme çekinjeňlik bilen
ýüzüni agasyndan ters tarapa sowdy.
-- Sazyň iň soňki bölegi name,Ataly agaň
gyzy Akjagül ýadyma düşdy weli, birden elime geläýdi.Inha agasy,
bu saz – ha şeýle düzeldi.Bu meniň ilkinji saz düzüşim. Nähilli
gördüň diňleseň boljakmy?
-- Gaty bolar Şükür jan, diýseň buýsançly
saz.Berekella inim! – diýip,Şükrüň agasy aşakda
ýaýylyp ýatan küren oba göz
aýlady.Ỳolboýy ýüzi açylman gelşine ilkinji gezek
Şüküre seredip ýylgyrdy.Inisiniň engine elini goýdy.
-- Ỳör, inim, çaltyrak baraýly,
gelinejeňem gözi ýoldadyr,jigileňem göresim gelip
gitdi.Özüňem indi hergiz saz çalaňda, ilki bilen ýaňky “
Goňurbaşdan “ başlagyn.
-- Bor agasy.
Allaberdi durdiýew
Sungat synçysy.
Hajygolak
Hiwanyň
hökümdary Allaguly han köplenç öz Türkmenleriniň üstüne çapawulçylyk
edipdir.Bir çapawulçylykda bolsa, onuň leşgeri tutuş bir obany diýen
ýaly sürüp han-yň hüzürine eltýär.Han leşgeriň tutuş
bir obany sürüp getirmegi aýratyn bir sebäbi bardy.Olar Hajy
sazandanyň obasynyň adamlarydy.
Allaguly han haji
sazandany öňem üç gezek köşgüne çagyryp, han sazandasy bolmagyny towakga
edip, köp ýalbarypdy.Emma Hajy sazanda boýun bolmady.
Ummasyz halat –
serpaý hüdürledi.Şonda-da Hajy köşk sazandasy bolmakdan ýüz
öwürdi.
Ynha, bu gezek bolsa
Allaguly han “ Ederini bilendirin “ diýip, içini
gepletýärdi.Şonuň üçin arz soraýan jaýyna Hajy
sazandaň girenini göreninden tagtda outran ýerinden arkan
gaýyşyp, jakgyldap güldi.Onuň gülküsi bütin köşgi
ýaňlandyryp gitdi.
-- Ỳeri, Hajy ýeser! Ỳagdaýlar niçek?
-- Erbet däl Han.
-- Ỳogsa-da,
sen ol saraýdaky ýesirleri gördüňmi?Olar seň
ildeşleriň-ä däldir-dä ?
-- Howa, Han, şolar-a meniň ildeşlerim.
-- Bilýän
bolsaň, Hajy ýeser, gel egri oturup, dogry gepleşeli.Barybyr sen
näçe ýeser bolsaňam, şu gezeg-ä otulan bolsaň
gerek.Aýratyn seň obaň ulydan-kiçe sürülmegi-
niň sebäbine
gözüň ýetýän gerek.
-- Hawa, düşünýän
han, bu
wagşylygy sen meni amana getirjek
bolup edensiň.
-- Ony bildiň,
sazanda, hany indi amana gelmän-em
bir gör, ildeşleň baryny dara atyp taşlaýyn.
Hajy sazanda
ýüzüni esli aşak salyp durdy.Ahyry ulydan demini alyp gürledi.
-- Bolýa, han, men seň
köşgünde üç ýyl sazanda bolup bereýin.
-- Baý-bow üç ýyldanam bir zat bolarmy?!
-- Bar bäş ýyl
bolsun han.
-- Ỳok, az bolýar, maňa hemişelik gerek.
-- Gel, onda bir zat
edeli, bendeleri häziriň özünde boşat, onsoň men saňa
ýedi ýyl hyzmat edeýin.7 ýyla çenlem bir sazanda
şägirt ýetişdirip bereýin.Ine, han, meň gutarnykly jogabym.
Allaguly han esli
salym duňuz diňini salyp oturdy.Onsoň başyny galdyrdy-da
sypaýy gepledi :
-- Ynha, bu
şertiň bilen ylalaşýan.7 ýyl köşkde sazanda bolsaň, şol
möhletiň içinde-de, bir şägirt ýetişdirip berseň, maňa
bolýar.Şertiň Kabul Hajy sazanda.
************************
Bir gün Allaguly han
ir ikindinler ,ýaňy garaňky gatlaşanda ukudan
oýandy.Bimahal ýatyp, bimahal turany üçinemi, ýa-da şeraby
aşa köp içeni üçinmi, garaz hanyň haly teňdi.Ỳüzünden gar
ýagýardy.Hanyň keýpini , onuň daşyna hozanak
bolýardylar.
Öňüne
çaý getirildi.Han “ Ỳok ediň “ diýen manyda elini
salgady.Gyzlar öňünde oýnap başlady.Han birneme imrijek ýaly
etdi-de, olara-da “ ýok bolsun “ diýip, elini
salgady.Hyzmatkärler name etjeklerini bilmän elewreşdiler.Allaguly han, agzyny
ýokaryk tutup yzly-yzyna pallady.Onsoň hyzmatkärlerine gözüni
agdaryp seretdi-de, elini dutar kakýan ýaly hereketlendirdi.Şo
bada Hajy sazanda häzir boldy.Sazanda dutaryny düzüp, çalyp başlady.Kaşaň
köşkde dutaryň sesi has güýçli ýaňlanyp gümmürdedi.
Esli salym çalansoň han elini salgap
sazandany saklady :
-- Hany, sazanda, bu
çalýan sazlaňy men öňem ýüz gezek eşidim.Täzesini çal,
täze
-sini ! heniz
eşitmedik sazlamdan, düşündiňmi ?
Sazanda
dutaryň gulagyny towlap,
has belent heňlere tutdurdy.Han ýene-de elini salgady.Dutaryň sesi tapba ýatdy.
-- Hajy ýeser,
sen ýesersireme-de meň diýýän sazymy çal !
-- Syzyň
diýýäniňiz haýsy sazdyr hökümdar ?Adyny
aýdyň ahyry.
--Ynha men
ýaňy ýatyrkam gulagyma bir owaz geldi.Ana, şol owaz
iňňän şirin owaz ekeni.Ana, şony çalyp ber maňa, Hajy
ýeser ! Düşündiňmi ? ….
-- O nä owazdyr
hökümdarym ?
Han zöwwe
ýerinden galyp heňkirdi :
-- Şony bilmeseň, sendenem bir sazanda bolarmy ?
Hanyň dikdüşdüligini edip, gazaba münendigini gören
sazanda eşidilmedik owazlary gözläp, gör, nirelere tutdyryp
barýardy.çalyp oturşyna hanyň ýüzüne-de göz
aýlaýar-
dy.Hanyň ýüzi käte ýagtylajak ýaly
edýärdi-de, ýene-de öňkidenem beter çytylýardy.
-- Bes et !!! .. Jellat !!!! ….
Eli aýpaltaly,ýüzi gara örtükli iki sany
maxluk gelip, hanyň öňünde tukga ýatdy.
-- Hajy ýeseriň kellesini alyň !
Senden sazanda bolmaz ! Barybir möhleti dolansoň
gitjekmiş.başga ýerik baryp bir saz çalmasyn.Kesiň başyny !
Jellatlar dikelip, Hajy sazandanyň hersi bir gapdalyna
geçdi-de, aýpaltalaryny ýoka-
ra galdyryp, buýruga garaşdylar.
-- Hajy ýeser, iň soňki sözüňi ayt !
.. Onsoň ….
-- Aýtsam, han, bi ýerde, kelle alar
ýaly, meň günäm name ? şoni bir ilki aýat…
Ỳaňky çalan sazymy sen hiç haçanam eşiden
dälsiň.mende nä günä bar ?
-- Sen ukuda ýatyrkam gulagyma gelen owazy çalyp
bilmediň. Ine, seň günäň, düşündiňmi ?
-- Onda han, gel ikimiz bir zady şertleşeli.
-- Aýt şertiň bolsa tizräk ;
-- Aýtsam han, sen maňa ýekeje gije
pyruja ber.Ertesi seň diýýän sazyňy çalyp bilmesem,
onsoň meniň kellämi alaý.Nähilli görýäň ?
-- Bolýa, men saňa ertire çenle möhlet
berýärin.
Ana, şol pyruja berlen gije sazanda öz şägirdi bilenbir saz
döredipdir.Ol saz hem pajygaly,hem buýsançly,hem begençli,hem gynançly
saz bolupdyr.
Ertirsi Hajy sazanda Allaguly hana şol sazy çalyp beripdir.
Bolsa-da sazandanyň bir gije-de döreden täsin sazy hany
haýran galdyrýar.Ỳöne Allaguly han namartlyk edipdir.
-- Meniň köşgümden başga şular ýaly
ajaýyp saz ýaňlanmasyn—diýip, Hajy sazan-
danyň barmaklaryny kesipdir.
Şondan soň, Hajy saz çalyp bilmändir.Ỳöne
onuň hanyň gazaby astynda döreden sazyny şägirdi ile
ýaýradypdyr.Özem sazandany adyna hem onuň maýyllygyna
baglanyşdyryp, ol saza, “ HAJYGOLAK “ diýip at dakypdyr.
Allaberdi durdiýew
Saz öwreniji.
Berkeli çokaý
Azatlyk çokaýyn tiken Berkeli
XIX Asryň ortalarynda Türkmenler esasy iki sany uly
hanlyga birigýär.Ol iki hanlygyň birine NURBERDI HAN, birine-de
GOWŞUT HAN baştutanlyk edýär.
1855nji ýylda Gowşut han
güýçlenýär.çünki, onuň hanlyk edýän ýerine
Murgapdyr, Tejen derýalarynyň orta hem aşak akymynda
ýaşaýan Türkmenler girýär.Uly siýasy hem-de harby
güýje eýe bolan Türkmenler indi öň ýeten basybalyja
salgyt beresi gelenok.Şonuň üçin şol döwürde Türkmenler Hiwa hanlygyna
salgyt tölemekden boýun gaçyrýarlar.
Türkmenleriň özüne salgyz tölemeýänligine nägile
bolan Hiwa hany Mädemin (mohmmed emin han )Gowşut hany gepleşige
çagyrýar.Şo gepleşikde Mädemin han Gowşut hana şeý
diýýär :
-- Seň hütjet Türkmeniň
öten ýyl-a, ýyl gurak geldi, ygal bolmady, şoň üçin ekinden
hasyl alyp bilmedik.—diýip, salgyt bermedi.
Ondan öňki ýylam ekinler
ýaňy hasyla duranda çekrtge aldy – diýdi.Mallaňam
baryny çerrik degdi – diýip,salgyt bermediler.Aý garaz her hilli
bahana tapyp seň Türkmeniň soňki ýyllarda maňa
oňly salgyt tölänok.
Şonda Gowşut han Mädemine :
--Aý, Mädemin han, sen
oň üçin hapa bolma, ynha, bi ýyl oňat geldi.Gyşy gyşa,
ýazy ýaza meňzedi.Bi ýyl bol hasyl alarys.onsoň
saňa öňki-şoňki tölemedik salgytlar
-ymyzyň baryny bereris –
diýip, ony süýt kölüne çümdirip gaýdýar.
Güýz düşýär.hasyl ýygnalýar.Emma
Mädemin hana zat baranok.Muňa beýik Hiwa hanlygynyň hökümdary
bolmajasyny bolýar.Gahary gelip, gazaba münýär.
Onsoň ýene-de Gowşut hany gepleşige çagyryp,
salgyt tölemeýändikleri üçin Türk
-menleriň baryny uçdantutma gyryp ýok
etjekdigini aýdýar.Namartlyk edip düýdürm-
an üstümize döküldi – diýip, armanly bolmaz
ýaly, söweşe taýýarlanmaga 3 aý möhl
-let berýändigini aýydýar.
Gowşut hanyň : -- A-how
Mädemin han, gel ganly jeňe baş goşmaly, ylalaşaly-diýen
Töwellasynam alman dergazap bolýar.
Onsoň Gowşut han Mädemin han bilen
birýaňalyk etmek üçin uly hem aýgytly söweşe
taýýarlanyp başlaýar.
Bu söweş Türkmeniň geljekki ykbalyny çözmelidi.
Şeýlelikde, Gowşut han Saraxsda söweşe
taýýarlyk group başlaýar.Gowşut han, ilki
Bilen, öz atlylarynyň eşigini üpjün etmegi dogry hasap
edýär.çünki, aýagyň çepekli, egniň ýalaňňat
çäkmenli gyş günleri duşmana garşy aýgytly söweşe gurup bolmajagy belli
zat.
Şoň üçin Gowşut han sowut tikip bilýän ussalary,
at üçin uýandyr çeki tikip bilýän ussalary, çokaý tikip
bilýän ussalary ýygnaýar.Şol ussalaryň arasynda
Berkeli diýen bir adam çokaýy çalt hem berk tikmekde hemmelerden
tapawutlanýar.Ol halkdan gön ýygnap, ýanynda 30 – 40 sany
kömekçi adam alyp Mädeminiň geljek wagtyna çenli kän çokaý tikip
ýetişýär.Dolak, çäkmen dokaýan aýallaryň
toparyna hem Berke
-li çokaýçynyň özi ýolbaşçylyk
edýär.Uly söweşe şeýdip ykjam taýýarlyk
görünýär;
Güýzüň ahyrynda Hiwa hanlygynyň
beýik hökümdary Mädemin han agyr leşgeri
Bilen Saraxsa gelýär.Söweş başlamazdan öňürti
Mädemin han Gowşut hana haýb
-at atýar :
-- Gedem Türkmen,
taýýarlanma kemin galan däldir.Armanly bolsaň aýt,
ýene taýýarlanmaga müdet bereýin, bolmasa-da çyk
söweşe – diýýär.
Gowşut han oňa ýene-de töwella edýär.
--Mädemin han, gel ganly söweşe baş
goşmaly, sen gaýyt, bize azar berme –diýýär.
Emma Mädemin han
oňa :
-- Ertir söweşe başlaýas, bar düýeboýun
öwülýä-dä senden bolsun soltan Sanjaram senden bolsun —
diýip, haýbat atýar.
Şeýlelikde,
söweş başlanýar.Mädemin hanyň goşuny san taýdanam,
ýarag babatda
-da Türkmenlerden has
ýokarda ekeni.Şoň üçinem bu söweşe Türkmen zenanlaram
gatnaşypdyr.Olar aýaklaryna çokaý, eginlerine çäkmen, başlaryna
telpek geýip, Mädemine garşy söweşipdirler.Olaryň esasy
ýaragy bolsa, taýagyň ujuna berkidilen
gyrkylyk, synny
bolupdyr.Mundan başga-da Türkmen topragynyň ähli ýerinden atlylar
kömege gelipdirler.
Netijede Mädemin
hanyň goşuny derbi – dagyn edilip, onuň özi hem öldürlipdir…
… Şondan soň
Türkmenler tä1881nji ýyla çenli, ýagny oruslar gelýänçä
hic bir hanly
-gyda, hiç bir
döwletede bakna bolman, özbaşdaklykda ýaşaýar.
Öňki döwürde
her bir daşky duşman bilen bolan söweşde ýeňiş gazanylsa, şondan
soň ýeňiş toy tutulýarekeni.Şol ýeňiş
toýunda edermenlik görkezen ýigitlerebagyşlap
Şahyrlar goşgy
goşýar, sazandalar-dyr, bagşylar bolsa,gahramanlyk görkezen ärle -re
bagyşlap aýdymdyr, saz düzen ekenler.
Ine, Mädemin han
bolan söweşde hem berkeli çokaýyň tiken çokaylary, ýasan
eýerd
-ir,uýanlary
ýeňiş gazanylmagyna ýardym edipdir.
Şoň üçin sazandalar
Berkeli çokaýça bagyşlap, “ BERKELI çokaý “ diýen sazy düz
-üpdirler.Şu
ýerde ýüz ugurda aýdyp geçmeli zat bar.Elbetde,
şeýle uly söweşde ýe-
ňiş gazanmakda
edermenlik görkezen zenanlar hakda, gahramançylyk görkezen ärler hakda başga-da
köp goşgular, aýdym – saz düzendirler.Ỳöne olar edil “ Berkeli
çokaý “ sazy
ýaly kämil bolmany üçin asyrdan asyra, ýagny XIXasyrdan XX asyra
aşyp bilmändir.Her bir asyr özünden soňki asyra
peşgeş berjek bolanda : edebiýat, sungat eserleriniň iň
kämillerini berýär.Ỳöne-möne zatlar asyrdan asyra aşyp
bilmeý
-är.
Bu saz bizi
ýene bir zat hakda oýlandyrýar : Her bir döwletiň,
onuň baknasyzdygyny, garaşsyzlygyny goramakda ýönekey
çokaýçydan başlap, hana çenli uçdantutma hemmäniň tagallasy zerur.
Allaberdi durdiýew.
Ybraýym şadilli
1860nji ýylda
Ahal hany Nurberdi hanyň häkimligi yokary
göterilýär.Häli-şyndy çozup, Türkmeni talap duran alamançylaryň
aýagy kesilýär.çünki Türkmeni talamak üçin uly güýç bilen
gelmeseň, indi ol ýüz atla, iki ýüz atla eýgertjek
däldi.Şonuň üçin bolsa gerek,Eýranyň Bejnurt hanlygynyň
häkimi Ybraýym han hem Nurberdi han bilen birek-biregiň üstüne
dökülmezlik, birek-birege talamazlyk dogursynda ylalaşyga gelýärler.
Bu siýasy
waka, goňşy ýaşaýan iki halkyň, ýagny
Eýranyň Şadilli taýpasy bilen Türk
-meniň Ahal
ilatynyň arasyndaky parahatlyga güwä geçýärdi.Kepetdagyň güneş
tarapynda ýaşaýan Şadilliler bilen Kepetdagyň kölgeý
tarapynda ýaşaýan Türkmen-
leriň arasynda
indi öňki ýaly häli – şyndi çaknaşyk bolup
durmaýar.Şonuň üçin il içinde asudalyk aralaşdy.
Emma weli, özüne
göwni ýetýän Dykma serdar bir gün öz ýigitlerini daşyna
ýygnap,
Olara şeýle
diýýär :
--Ỳigitler, Nurberdi han bilen Ybraýym han
şertnama baglaşypdyr.Ỳöne biz şonda-da Nurberdi gyzyldan gizlin
alamançylyga gitmeli bolýarys.Ynha, dänim,öňümiz gyş.
Gyş güni
hurşlyk mal, palowa atar ýaly kişmiş, xurma ýaly zatlar
edinmeli.Busup ýat
-saň
zat bolmaz.Şertanama baglanyşsa Nurberdi han baglaşypdyr.Biz baglaşamyz-
ok.Inha, şo maslahatdan soň
Dykma serdar atlylary bilen Eýranyň Bejnurt hanlygyn
-yň çetki
obalarynyň biriniň üstüne dökülýär.Emma Dykma serdar
özüniň 10-12 nökerei bilen ýesir düşýär.Ybraýym han
Dykma serdar dagyny zyndana taşlaýar.
Köp wagtlap
olaryň yzyndan baran bolmaýar.çünki, öň öz aralarynda şertnama
bolan
-soň Nurberdi
han Ybraýym hana hiç hilli sala salmaýar.özüniň äsgermänligi
üçin Dykma serdara käýinýär.
Ahyry Nurberdi han
Şükür bagşynyň ýanyna baryp şeýle diýýär :
--
Bagşy,
bolmasa bir iş bolupdyr.Ötki, Dykma serdar kakabaşlyk edip alamana gidipdir.Üstesine-de
ýesir düşüpdir.Meň-ä ýüzüm ýok töwella gitmäge.sebäp
öň bar
-mak
basyp şertnama baglaşypdyk, Ybraýym han bilen indi men nädip oň
gözüne görneýin.Ol maňa : “ heý, keçe telpek Türkmen, sizde
hey ykrar bolmazmy ? düýn dälmidi birek – biregiň üstüne dökülmeli
däl diýip, şertnama baglaşanmyz.hany o şertiň nire gitdi ? “ diýer. Şeýdibem üstümden güler.Şoň üçinem men-ä
hanyň gözüne görünmäge utanýan, nä ýüzüme baraýyn.
Gepiň
küle ýeri, name diýsene, Şükür bagşy, men senden towkga
edýän,Bejnurda sen töwella gidäy.Ỳogsa-da sen öňem käte
Ybraýym hana saz çalyp berip gaýdýaryň
ahyry.Geçen
ýaz Bagdat gyzyna öylenen-de, seni toýuna çagyrypdy.Seň
ýüzüňden
geçip
bilmez.Howa Dykmany şeýdip boşadaly.Ỳogsam zeýili zyndanda
gözüni garaldyp oturandyr o peläket.Gaýrat et-de,olary boşadyp alyp
gel.Nätse-de özüňki-dä.Ỳogsam-ä ylalaşyk barka beýdeni üçin
garagyň çyksyn diýäýmeli welin …..
Hany gaýrat et-de bu gün – erte ugra
bakaly.
Ine şu maslahatdan
soň Şükür bagşy Bejnurt hany
Ybraýym hanyň üstüne gidýär.
Baryp, habaryny aýdanda Ybraýym han
ör-gökden gelýär.Iki
sany beýik hanyň ylala
-şygyny bozup,
talaňa geleni üçin Dykma serdra
agyr jeze berjek digini aýdýar.Nur-
berdi hana gatyganýar.Galmagal
edýär.
Şükür bagşy tä han köşeşýänçä sesini çykarman
oturýar.Axyry ardynjyrap ýuwaşja gepleýär :
--Ybraýym han diýýän-ä, meň-ä
zarym bar,zorum ýok.sebäp günä bizde.wadany bozan biz.Ỳöne name,
Dykma serdaram bir yňdyrma adam-da.Ỳogsam iliň hany möhür
basyp,äht edensoň her kim edenini edip ýörse bolmaz
ähbetin.Ỳöne indi bolmasy iş bolupdyr.Nätse-de ylalaşykly çözmeli bor bi
düwüni.
-- Ylalaşykly, çözmeli bolsa, bagşy ýigit,
Dykmaňyzy zyndandan boşatmak üçin agyr salgyt tölemeli bolarsyňyz.
-- Aý, han aga, salgyt meseläňizi
goýaweri.Öňem ilde zat ýokur.
-- Onda sen nähilli çözmekçi bi meseläni, hany
aýt-da, meň ýerime özüň bolsaň näderdiň ?
-- Nätjegimi bilemok han aga, ýöne men bir temsal
aýdaýyn.Şolam saňa ýarasa gerek.
Han bilesigelijikli bilen owsundy.
-- Hany aýt, o nä tymsalmyş?
--Aýtsam bejnurt soltany, men seň adyňy
kyýamata axyry boýunça ýytmez ýaly
etjek.Ynsaniýet näçe ýaşasa, seň adyňam şonça
ýaşar ýaly etjek.
-- O nähilli meň adymy müdümlik ýaşar
ýaly etjek?
-- O my, seň adyňa bir saz döretjek.Ana,şolam
seň adyňy ömürbaky il içinde tutular ýaly eder.Ỳöne
maňa biriki gün puryja ber.özünem asuda bolsun.Adam maňa päsgel
bermesin.
Han töweregine göz
aýlady-da :
-- Bolýa,
seň dieniň bolsun.—Diýidi
Üç günden soň
Şükür bagşyny hanyň huzuryna getirdiler.
-- Ỳeri, Şükür
bagşy, hany, üç günde name iş bitirdiň.Aýt, göreýli.
-- Han aga,
öňat saz döretdim.Adyna-da Ybraýym şadilli diýdim.Hawa,
Ybraýym-a öz adyň.Şadilli seň taýpaň
ady.Ybraýym han diýsemem bolardy weli, ýöne Ybraýym
şadilli bolanda has gowy bolar.Hemmä mälim bolýar.
Han ähli
aýallaryny, çagalaryny ýanyna çagyrdy-da, durşy bilen gulaga
öwrüldi.
-- Hany, çal onda
sazyňy.
-- Han aga, sazy
gowy diňle, bi sazda seň Nogaý aýalyň
öýmudykläp ýörişide, Kürt aýalyň tans edişi-de, Pars
aýalyň näz kereşmesi-de, Gülkamar gyzyň şadyýanlygy-
da, Bagdatdan
ýaňrak alan gyzyň näzeninligide, çar bagyňda
saýraýan bilbilliň owaz
-da bardyr bu
sazda.—diýip, “ Ybraýym şadillini “ çalyp berýär.
Bu saz hanyň aýallaryna-da,
çagalaryna-da, özünede diýseň ýaraýar.
Bejnurt hany
Ybraýym han öz adyna döredilen sazy özüniň köşk sazandasyna öwre
-denden soň,
nökerleri bilen Dykma serdary ýesirlikden boşatýar.Şükür bagşa
bolsa, halat, serpaý ýapyp yzyna ugradýar.
Hawa,bu sazy biz şu
günde-günaşa Radiodan “ Ybraýym şadilli “ diýip
diňleýäris.
Allaberdi durdiýew.
Barçalary agladan şol
Atçapar
Aýdogdy aga
süýrgünortanlar öýüne dolandy.Gelse öýünde myhman bar
ekeni.
Ol myhmanlar bilen
saglyk-amanlyk soraşdy.Demlenip getirlen gök çaýy olaryň öňüne
süýşürdi.Özem bir çäýnegi öňüne çekdi.Ara düşen dymyşlygy
myhmanlar bozdy.
-- Aýdogdy
aga armaweriň !
-- Bar bol oglum.Bi
ýyl daýhan bolup,armasa
bolar-da.Ỳogsada,ýigitler,menlik işiňiz
iz bolsa
aýdyp oturyň.Meniň-ä gürrüňim gutarmaz.
--Aýdogdy
aga,habarmyzy aýtsak,özümiz-ä Kazy oýundan.Körpe inimiziň
aýagyny duşmakçy.Şol toy sowar ýalym bagşy diýip
gelşimiz.Sähet çopan diýseň,gumlular tanar!
-- Hoş
habaryňyz bar eken.Allaberdi janyň aşygy
diýseňizläň.gaty gowy, onuň başy dik bolsa mähetdel etmän
toýa barar….
Gumlular
gaýdansoň,üç gün diýilende Allaberdi öýe
dolandy.Oglunyň salam berşin-
den gaty argynlygyny
aňsa-da,Aýdogdy aga gelip-gidenleriň sargydyny bada-bat
aýtdy.Allabardi çokaýynam çykarman düşegiň üstüne göwresini
göýberdi.Ulydan demin aldy.
-- Kaka, toýam toýdyr weli,hany
oraga haçan başlaly? Men-ä günde-günaşa ýolda. Öýe kömegim degenok.
--On-a gaýgy
etme. Bagşy diýeniň il ogludyr.iliň ýumuşyna
ýarasaň, ataňa-da köm-
ek berdigiň
bor.
-- Be…
--Aý ogul,
ene-ataň bir nydar eder-le.ýöne iki gözüň dört bolansoň,
ýagdaý kynlaşaý
-masa ýaban
ýatyp ýörmegiň bir hilli.Ana, şol gelne agyrrak
düşäýbiridir.
-- Be, Kaka, şu
diýňirä gitseň bile gitjek bolsaň ber habary.
-- Ogul,
diňle,bir tymsal aýdyp berýin.Obada bir owadan gyz
bolupdyr.Aýdym-sazyň
-am ölemen aşygy
eken.Ene-atasam gyzlarynyň häsiýetine belet bolansoňlar, göwn
-üni ýykman,
bagşa beripdirler.Näme,aý-günem geçip dur.Günleriň birinde ol gyz
atasy öýüne görme-göreşe barypdyr.Goňşy-golamlary
üşüpdirler.Hal-ahwal soraşyp
-dyrlar.Gürrüňden
gürrüň çykyp giýewlerini sorapdyrlar.Adamsyndan içi tütäp duran
gelin : Wax, jan doganlar,täzeden barmaly bolsam,bagşa-ha däl,bagşyly obda äre
barmazdym.Diýipdir.menem,oglum,şol gürrüňden çekinmän duramok.Biziňem
edinjek gelnimiz şeýle tetellilerden bolaýsa-ha ,
näbleýin-dä……
--Kaka,beýle
bir gyz almarys başgalaram bar-la…
Kel bagşy
toýa gitmek üçin irgözünden ýola düşdi.Ol 4nji gün agşamsy Kazy
öýünä ýetdi.Sähet çopan,kel bagşyny hormatlap,bugurçyny özi
çökerdi.Gadyrly salamlaşdy
-lar.
-- Kel bagşy,
adyň bilen aşnadyrys.Tamamy ödediň,berekella.Sag-aman
geldiňizmi? Ahal illeri saglykmydyr?
-- Dogaý salam ýoladylar.
-- Iberen getiren sag bolsun,hany öýe
gireliň,adamlar.Sazanda öňüni
başla—Diýip,
Sähet çopan sözüni soňlamanka,Kel bagşynyň gözi
topbak-topbak oda düşdi.Ol gapdalyndakylara ýüzlendi:
--Adamlar,hol otlar öňem barmydy ýa-da……
Şol pursatam :
--Haý,atly atyňa atlanaweriň-how,
ýagy çozandyr-la how—diýen howsalaly seslar ýaňlandy.
Her kim duran-duran ýerinden atlandylar.kel bagşam
eli ýaragsyz bugurçysyna münüp olara goşuldy.name etjegini bilmän
bugurçysyny iki tarapa säpjedip ýören Kel bagşy kelebiniň ujuny
ýitirdi.Ol howatyrlanyp başlady: “ Wiý, meniň bolup
ýörşi-Mi.Meni bi jalagaýda kim tanaýar.Hiç
kim,galtamanlaryň başyny tapyp bilmezmikäm? Belki, tapsam,
gürleşerin.Bolmanda-da elimde ýarak ýok “ diýip,ol
bugurçysyndan syrylyp düşdi-de,onuň owsaryny başyna orap,eline dutaryny
alyp, garaňkylygyň içinde gum depeleriň arasynda siňdi.Ol
çetidir-sazaklara bukulyp, ýagynyň arasyna
ýeteňkirledi. Kel bagşy emedekläp galtamanbaşynyň çadyryna
girjek bolanda sakçylar oňa ýapyşdy -lar.Ony süräp
galtamanbaşynyň ýanyna alyp bardylar.eli dutarly adamy görüp,
onuň gaşlary tapyşdy.
-- Bi, nämäniň alamaty!muny nireden tapdyňyz?
--Özi gelidi.
--Özi…Kim borsuň,gürläp otur.
-- men-ä iliň bagşysy.
-- il diýýäniň kim?
-- Türkmen iliniň.
--Menem Türkmen däl.Maňa-ha sen tetelli bagşy Derek
däl.Hany maksadyňy aýt.
--Men size töwella etmek üçin ýanyňyza
gelşim.Nähak gan dökmäli diýjek bolýan.
--Nähak gan?Menem keýpine gan dökemok.Biz han
adamlary.Hanyň buýrugyny berjaý edýäris.Janyňdan
irmedik bolsaň,dutaryňy alda yzyňy ýel çalmanka şu
ýerden göteril.Ỳogsa……
Kel bagşyny getirilşi ýaly südenekledip,çadyrdan alyp
çykdalar-da,garaňkylyga iterip
Göýberdiler.Ol dutaryny gujaklap gum garbady.Näme
etjegini bilmän,ýerinden galyp gözdürtme garaňkylygyň içinde
gum depeleriniň arasy bilen ýene bugurçysyny göý-
beren ýerine geldi.Görse,ol janawar uly çetiniň
pürüni iýip duran eken.Ol bugurçysy-
ny çökerip mündi-de,tutuşlygyň iň gazaply
ýerine haýdady.Gijäniň içinde kimiň-kimi
urup-çapýanyny bilderenokdy.Gep-ün alaşar ýaly däldi.Kel
bagşynyň uly ili bilen :
--Adamlar,uruşy bes edeliň.Öýlanip
görüň.Kim bilen uruşýanyňyzy bilýärmisiňiz?
Diýip,gygyrasy geldi.Ỳöne näçe gygyrsada,ol
göhi ýatyryp bilmejegine gözi ýetip, bolýan wakany
doňan ýaly bialaç synlap durdy.Şol wagtam eli gylyçly bir adam
onuň bugurçysynyň owsaryndan tutuklap ugrady.Kel bagşy zähresi
ýarylan ýaly özüni
çägä oklady.Görse,bugurçysyny idip barýan Sähet çopan
bolup çykdy.Ol Sähdi garsa gujaklady.
--Sen meni bu garma-gürmelikde nädip tanadyň?
--Tanap-tanamaz ýaly senden başgalaryň
ulusdan-kiçisi janlaryny halas etjek bolup iki ýana at
salýarlar.Diňe sen janyňdan iren ýaly,bir ýerde
butnaman duran.Heý,jeň wagtam beýdip durmak bolarmy?Hany
yzymdan galma.Haý,diýmän ýowy gaýtarys.
Olar indi ýeňse berip başlady.bar aladam sen
bolduň.eýläk urundym,beýläk urundym, teý
tapylmadyň.bir bolmasy iş bolýandyr öýdüp,gara janym galmady.sen
meniň myh
-manym ahyry…….
Duýdansyz dökülen ýagy daňa golaý
ökje göterdi.Säher bilen Kazy oýunyň 7ýaşdan 70 ýaşa
çenlisi ýow meýdanynda wepat bolanlary jaýladylar.
Ertesi Sähet çopan öz toýunyn ýasa öwürlenine
axmyr çekip,soňuna çykyp bilmedi .
Ol ýas tutdy.Kel bagşynam zordan ýola salyp
hoşlaşdy.
--Bagşy,sag-aman bar.nesip etse,ýene bir toý
toýlarys…
Ỳasy wagty itleriň üýrüp başlanyny eşiden
Juma çopan çäkmenini eňine atyp ardy
-njyrap ,gapa çykdy.Bugurçysyny çökerip duranynyň Kel
bagşydygyny tanap, allaniç
-iksi boldy.
--Bagşy,eýgilikmidir?
--Juma aga,başyň dik,malyň tükel oturanmysyň?
--Sen sorama,menem aýtmaýyn.
--Hany öýe baraly.Demiňi dürse.göwnüme bolmasa
sesiň endiräp çykýan ýaly-da.
--Juma aga,ähtimal,sesimem,ýüzümem üýtgese
üýtgändir.Iň gowsy,maňa nepesimi dürsär ýaly bir
çäýnik çaý ber.Soň gören ahwalatymy gürrüň
bereýin.
--Weý,bagşy çaýyňam gürrüňi bolarmy.
--Juma aga,saňa ýalan,maňa
çyn—diýip,çaý öňüne alan Kel bagşy gören wakasy-
ny gürrüň berdi-de:
--Gören ahwalatymy dutaryň diline geçirmesem,ölsemem
ýadymdan çykmaz.Häzir-
em ýüregim endiräp dur—diýidi.
…Kel bagşynyň dutary zarynlap başlady.Juma çopan
mahal-mahal başyny ýaýkap,
hyrçyny dişläp :
--Bä, bä, şeýlemi, bolmandyr.gyrgynçylyk gursyn —
diýýärdi.
Kel bagşynyň dutarynyň zaryn owazy bolsa
gijäniň içinde gum depelerini elendirýär-
di,çöle ýaň salýardy.Ahyry Kel bagşy
ýüreginde dykyn alyp duran gam-gussany az-kem egisdim edip,ulydan demini
aldy-da,zordan dillendi :
--Juma aga,siz şu sazy ilki gezek diňleýärsiňiz.özem
wepat bolan şol gerçeklere ýad
-ygär bolsun.Adyna-da “ Atçapar “ diýjek.
Ol ýene şol sazy gaýtalap-gaýtalap
çaldy.
….” Atçapar “ sazy juda gaýgyl,hasratly bolany üçin