2-NJİ DERS:GEPLEŞİK WE ÇEKİMLİLER

(praktiki sapakdan nusgalar)

 

SÖZLEÝJİ(S):SALAM,MÄHRİBAN ÝAŞLAR!

DİŇLEÝİJİ(D):SALAM,MUGALLYM!

 

S:TÜRKMEN DİLİNDEN İKİNJİ DERSİMİZE HOŞ GELDİŇİZ!

D:HOŞAL BOLDUK!

 

S:EZİZ ÝAŞLAR,BİZ BU DERSİMİZDE HEM GEPLEŞİK HEM-DE ÇEKİMLİ  SESLERİ GAÝTALAP GEÇERİS WE ÖŇKİ DERSİMİZİ HAS YKJAM BERKİDERİS!GEPLEŞDİKMİ?!

D:GEPLEŞDİK.

 

S:Türkmen diliniň elipbiýinde jemi näçe harp bar?

D:Türkmen elipbiýinde jemi 30(otuz) harp bar.

 

S:Şol harplary elipbiý tertibine görä aýdyp bilersiňizmi?Kim aýdyp berjek?!

D:Men synanyşyp göreýin.

 

S:Berekella,hany siz aýdyň!Siz bolsa,onuň aýdan harplaryny tagtada ýazyň.Geliň,çekinmäň!

D 1.: a,be,çe,de,e,ä,fe,ge,he,i,je,že,ke,le,me,ne,ňe,o,ö,pe,re,se,şe,te,u,ü,we,y,ýe,ze.

D 2.:Aa,Bb,Çç,Dd,Ee,Ää,Ff,Gg,Hh,İi,Jj,Žž,Kk,Ll,Mm,Nn,Ňň,Oo,Öö,Pp,Rr,Ss,Şş,Tt,Uu,Üü,Ww,Yy,Ýý,Zz.

 

S:Tüweleme,elipniýdäki sesleri dogry aýtdyňyz we dürs ýazdyňyz.Diýmek,türkmen diline yhlasly ýapýarsyňyz, şeýle hem etmeli.Türkmen atalar sözünde yhlas bilen baglanyşykly şu nusga bar:”Yhlas bilen aglasaň,sokur gözden ýaş çykar”.Yhlas etseň, bir işe erjel ýapyşsaň,seniň maksadyňa ýetjekdigiň bellidir.Dogrumy?!

D: Hawa,elbetde.Dogry,dogry...

 

S:Hormatly ýaşlar!Geliň,çekimli sesleri öwreneliň.Hany,tagta serediň,ýazan harplaryňyzdan näçesi çekimli harp?!Kim aýtjak?!Berekella,hany bakaly,siz aýdyň!

D:Ýazylanlara görä jemi sekiz sany çekimli harp bar.

 

S:Siz biraz howlukdyňyz.Jemi çekimliniň sany sekiz däl.Oňatja oýlan,hany oturyň.Başga kim aýtjak?!Hany siz aýdyp beriň!

D:Türkmen dilinde jemi dokuz sany çekimli harp bar.

 

S:Haý,berekella!Dogry, türkmen dilinde jemi dokuz sany çekimli harp bar.Hany,kim tagtada şol harplaryň aşagyny çyzyp berjek?!Baş üstüne,siz geliň!

D:Aa,Bb,Çç,Dd,Ee,Ää,Ff,Gg,Hh,İi,Jj,Žž,Kk,Ll,Mm,Nn,Ňň,Oo,Öö,Pp,Rr,Ss,Şş,Tt,Uu,Üü,Ww,Yy,Ýý,Zz.

 

S:Gaty dogry,berekella!Oturyň!

D:Mugallym meniň soragym bar!

 

S:Baş üstüne,soraň,hany aýdyň!

D:Mugallym,bagyşlaň, men ýalňyşymy düzetmek isleýärin.Men “y” harpyny ýazylyşlary meňzeş bolandygy üçin  Türkçedäki bilen garyşdyrypdyryn.

 

S:Dogry,siz mamla!Türkmen dilindäki “y” harpy Türkçedäki “y” harpy bilen ýazylyşy meňzeş ,şonuň üçin harplaryň ýazylyşyna oňat üns bermesek,käwagt ýalňyşmagyňyz mümkin.Bu siziň hemmäňize sapak bolandyr diýip pikir edýärin.Hany,siz çekimli harplary aýdyp beriň!

D:a,e,ä,i,o,ö,u,ü,y.

 

S:Eziz ýaşlar!Çekimlileriň türkmen dilinde uzynlyk-gysgalyk ýaly häsiýetli aýratynlygy bar.Meselem,”a” çekimli harpy hem uzyn sesi,hem-de gysga sesi aňlatmak üçin ulanylýar.Şoňa görä, siz çekimlileriň bu aýratynlygyny özüňizde yzygiderli bellik etmeseňiz,söz manysyny doly öwrenip bilmersiňiz.Gepleşdikmi?!

D:Gepleşdik.

 

S:Geliň,ilki gysga aýdylýan “a” sesine mysallar ýazalyň.Şu  näçe?(“6” )

D:alty.

 

S:”a” uzynmy gysga?!

D:”a” sesi gysga aýdylýar.

 

S:Dogry.Bu näme ?( surat:alma)Dogry,alma.”a” sesleri nähili aýdylýar?!

D:Gysga aýdylýar.

 

S:Bu näme?(surat:açar)Anahtar däl,türkmençe muňa “açar” diýilýär.”a” sesleri nähili aýdylýar?!

D:İkisi-de gysga aýdylýar.

 

S:Bu suratdaky ussanyň elinde näme bar?

D:balta...

 

S:Eziz ýaşlar,türkmen oňa “palta” diýilýär.”b” we “p” ses tapawudy bar.Türkmençede “palta”.Hany aýdyp görüň!

D:Palta,palta...

 

S:”Palta” sözünde näçe çekimli ses bar?Näçe çekimli bolsa,şonça bogun boljakdyr.

D:Bu sözde iki çekimli bar.İki bogun bar.

 

S:Haýsy çekimliler?

D:İkisi-de “a”.

 

S:”a” çekimli sesleri nähili aýdylýar?!

D:iki “a” hem gysga aýdylýar.

 

S:Bu nämä?(surat: at)

D:at.Bu atyň suraty.

 

S:Çekimlisi nähili aýdylýar?

D:”a”,gysga aýdylýar.

 

S:Berekella,dogry.Geliň,bu çekimlini uzyn aýdalyň.Hany,siz aýdyp görüň!

D:aat...

 

S:”aat” isim(ad) diýmekdir.Şeýlelikde,uzyn “a” başga bir many berýär.Esasy aýratynlyk hem şu ýerden başlanýar.Türkmen dili sesleriň uzynlygyny has gadymy döwürden bäri gorap saklapdyrlar.Bu diliň esasy baýlyklaryndan biridir.Saýgarmak,seljermek,düşünmek birbada aňsat düşmez.Muny ýuwaş-ýuwaş öwrwneris.

Hany tagta iki sany gysgajyk sözlem ýazalyň.Hany,siz tagta geliň!Ýaz!Siz hem depderiňize ýazyň!

D:1.Bu atyň syraty. 2.Seniň adyň kim?

 

S:İki sözlemiň hem ikinji sözüniň aşagyny çyzyň!

D:1.Bu atyň syraty. 2.Seniň adyň kim?

 

S:İki sözüň hem köküni tapyň!

D:at  we ad.

 

S:Ýoldaşyňyz dogry ýazdymy?

D:Hawa,dogry...

 

S:Oňatja pikirleniň,ýazylyşda bir hata,ýalňyş bar!Hany kim aýtjak?!

D:.....(jogap ýok).

 

S:Hormatly ýaşlar!Türkmen dilinde sözleriň köki,ýa-da sözleriň soňy “b”,”d”,”j” açyk çekimsizler bilen gutarmaz.Hany,onda hatamyz nirede aýdyň!

D:ikinji söz  hem “t” bilen gutarmaly:”at”.

 

 

 

 S:Diýmek,bu ýerde bir çekimsiz”t” bar hem-de iki hili aýdylýan “a” bar.Şol çekimliniň esasynda iki söz,iki many emele gelýär:1.”at”(suratdaky münülýän haýwan);2.”at” (isim).Muny başga mysallaryň üsti bilen düşündirmek bolar:

1.”ýat”(ýatmak,süýnmek,uklamak manylaryny aňladýan işlik)

2.”ýat”(birinji manysy:aň,huş,zehin,oý,hatyra...;ikinji manysy:tanyş däl,özge,keseki)

1.”bat”(batmak,çümmmek,bulaşmak manylaryny aňladýan işlik)

2.”bat”(güýç,kuwwat,hereket,gaýrat,hyjuw...Gapyny bat bilen ýapdy...)

1.”al”(almak,edinmek,ele geçirmek,elde etmek... manylaryny aňladýan işlik)

2.”al”(birinji manysy:reňk:gyzyl,gyrmyzy;ikinji manysy:hile,aldaw,mekirlik...)

1.”ak”(akmak işliginiň dürli manylary)

2.”ak”(birinji manysy:reňk,garanyň garşysy,tersi;ikinji manysy:arassa,tämiz;üçünji manysy süýt-gatyk,çal,agaram ýaly önümler;dördünji manysy:arpa,bugdaý ýaly däneli önüm;bäşinji manysy:balyk tutmak üçin ulanylýan tor...)

1.”sap”(birinji manysy:bir zadyň tutawajy,el bilen tutulýan bölümi;susagyň sapy;ikinji manysy:aldaw,hile,mekirlik:sap atmak-bir zatdan gaçmak mekirlik etmek;üçünji manysy:harby termin:hatar,nyzam;dördünji many:işlikden:iňňäniň gözünden sapagy geçirmek;bir zady beýlekä baglamak;bir zady uzaldyp,beýleki bilen utgaşdyrmak...)

2.”sap”(arassa,tämiz,hakyky,goşantsyz,päk;boýdan-başa,bütünleý....)

Bellik:

Hormatly ýaşlar!Siz bu sözlerdäki uzynlyk we gysgalygy oňatja öwrenmek üçin bir çaklaňja “jübi sözlüjegini” edinmelisiňiz.Çünki türkmen dilinde dokuz sany çekimli harp bolsa-da,on alty (käbir alymlara görä on sekiz) sany çekimli fonema (özbaşdak many aňladyp bilýän ses ) bardyr.

 

Geliň,ýazylyşlary meňzeş bolan sözleri öwreneliň:

 

1.ak-;2.ak

Ol matanyň reňki akdy.Elindäki gabyň aşagyndan suw akdy.

 

1.al-;2.al

Ol alma aldy.Bu oňa gurlan uly bir aldy.Baýdagyň reňki gyzyl-aldy.

 

1.at-;2.at

Ol çäýnege çaý atdy.Awçy guşy tüpeň bilen atdy.Bu at öň hem hemişe  aýlawy baglaýan atdy.Magtymguly –Pyragy ...Bu at türkmen dilini täze öwrenýän okuwçylaryň köpüsi üçin birinji gezek eşidilýän bir atdy.

 

1.bar-;2.bar

Men onuň ýanyna  düýn bardym. Şol ýygnakda men hem bardym.

 

1.bil-;2.bil

Seljan soralan temany oňat bildi.Garrylygyň esasy agram salýan ýeri dyz bilen bildi.

 

1.biz;2.biz

Bazara biz bilen Gülälek hem gitdi.Ýyrtylan topy biz bilen tikdik.

 

1.daş;2.daş

Onuň ýeke özüniň gitmeli ýeri örän daşdy.Merediň bir elindäki paltady,beýlekisindäki bolsa uly daşdy.

 

1.gap-;2.gap

Ol ýokary zyňlan topy hemmelerden öň gapdy.Jereniň goltugyndaky ýönekeý bir boş gapdy.

 

1.gyr-;2.gyr

Ol saýgyç bilen öýüň içindäki siňekleri gyrdy.Mämmediň atynyň reňki demir gyrdy.

 

1.gyz-;2.gyz

Suw gyzdy.Ol owadan gyzdy.

 

1.ot;2.ot

Ot ýygdyk.Ot ýakdyk.

 

1.öç-;2.öç

Çyra öçdi.Onuň reňki öçdi.Bu taýpalaryň arasyndaky iň agyr öçdi.

 

1.öl-;2.öl

İki ýerinden seçme degen towşan şolbada öldi.Onuň elindäki esgi  öldi.

 

1.saç-,saç;2.saç

Güneş ir bilen öz ýagtylygyny saçdy.Onuň öňüne taşlanan düýnki kesilen ýogun saçdy.Onuň közüň üstünde goýany täzeje saçdy.

 

1.syr;2.syr-

Bu esger üçin örän gizlin bir syrdy.Ol içerini syrdy,süpürdi.Kakasy oglunyň saçyny syrdy.

 

1.taý;2.taý;taý-

Siziň göreniňiz öten ýylky taýdy.Ol buzuň üstünde taýdy.Myrat maňa oýnamak üçin bir taýdy.

Ahmet öz taýyny getirdi.Sapar öz köwşüniň taýyny tapmady.

 

1.tut-;2.tut

Ol agyrýan böwrüni eli bilen tutdu.Onuň iýýäni tutdy.Jemal tutyny açdy.Jeren tuduny iýip boldy.

 

1.uç-;2.uç

Akja kepderi,uç sen erkana!Uç-gyraksyz Garagum çölüne belet bolmasaň,sähel ýerde ýalňyşmagyň ahmaldyr.

 

1.ýal;2.ýal

Bu mata jygyldyk(jygyllyk) bazarynda(bazarynna) ýal.Ol atyň ýalyndan (ýalynnan) mäkäm ýapyşdy.

 

1.ýan-;2.ýan

Ot ýandy,(ýanny)kül boldy(bolly).Ol sag ýanyna ýatdy,çünki çep ýany iki günden bäri agyrýardy.

 

1.ýol-;2.ýol

Jeren bir gül ýoldy(ýolly).Bu ýol biziň şäherimize gidýän ýoldy.

 

Aşakdaky sözleri özbaşdak öwreniň:

 

1.sol-;2.sol

1.it;2.it-

1.pil;2.pil

1.aç-;2.aç

1.as-;2.as

1.ýap-;2.ýap

1.tap-;2.tap

1.gör-;2.gör

1.toz-;2.toz

1.ýag-,2.ýag

 

Jemleme:Türkmen dilinde dokuz sany çekimli harp bolup,olar jemi on alty sany özbaşdak many aňladýan sesi bildirýärler:

Gysga çekimli fonemalar:a,e,i,o,ö,u,ü,y; Uzyn çekimli fonemalar:a,ä,i,o,ö,u,ü,y. Jemi on alty sany çekimli fonemadyr.Türkmen dilinde “e” sesiniň uzynlygy we “ä” sesiniň gysgalygy känbir ýaýraň däldir.Bu sesleriň sözüň kökünde emele getiren uzynlygyna kök uzynlyk ýa-da birinji uzynlyk,goşulmalaryň we ses düşmeleriň üsti bilen bolýan uzynlyga goşmaça uzynlyk ýa-da ikinji uzynlyk diýilýär.

 

***Geliň,biraz sözlük üstünde işläliň!

 

Türkmen atalar sözi:

 

şlemedik-dişlemez.

Bu ýerde iki sözde uzynlyk bar.Şol sözleriň kökleri:1.iş;2.diş.İkisi-de at,kök uzynlyk,birinji uzynlyk.

 

*İr turan işinden dynar.(dogry aýdylyşy:İr turon işinnen dynar).

Bu ýerde üç sözde uzynlyk bar.Şol sözleriň kökleri:1.İr;2.iş;3.dyn-.Biri-hal,beýlekisi-at,üçünjisi –işlik.Hemmesi-de birinji uzynluk.

 

*Ýer ala,ýurt ala.(dogry aýdylyşy:Ýer ala,ýurd ala)

Bu ýerde üç sözde uzynlyk bar.Olaryň ikisi meňzeş:”ala” sözi aslynda sypat,bu ýerde halyň rolunda gelýär, biri bolsa at:”ýurt” sözi.Bular hem birinji uzynlyk.

 

ol ogly ýolda ýagşy,tüweleý-golda(dogry aýdylyşy:Ýol ogly ýollo ýagşy,tüwölöý-gollo).

Bu ýerde hem üç sözde uzynlyk bar.Olaryň hem ikisi meňzeş:”ýol”sözi,beýlekisi-“gol”,üçüsi-de at,birinji uzynlyk ýa-da kök uzynlyk.