TÜRKMENÇE  GEPLEŞIGI ÖWRENMEK ÜÇIN TEKSTLER

 

 

 

 

 

 

“BIR KITABYŇ HEKAÝASY”

 

I

-Salam!

-Salam! Geliň, geçiň ,uýam! Näme hyzmat?!

-Bagyşlaň, elimizde örän gymmatly bir kitap bar. Magaryf bölüminde satyn alnyp bilinjekdigini aýtdylar. Şonuň üçin geldim.

-Hany getir göreýin... Bu bir golýazma eseri ekeni... Örän gadymy bir kitap ýaly. Üns berilmeli eser...Ýagşy, siz munuň bahasyna näçe diýýärsiňiz?

-Adamym pahyr, muny maňa tabşyranynda, 30 altyndan pes bolmaz diýip sargapdy.

-Baý-bä,siz-ä uýam, ummasyz diýäýdiňiz-ow! Bu baha ägirt uly bir kitaphana alyp bolar. Gymmadrak, edil bu baha bolar öýdemok. Ýöne, gelipsiňiz, ýene  bir geňeşçi müdirimize  görkezeýin. Ol häzir ýok. Bu kitaby bize goýup gidiň. Siz ýene bir hepdeden soňra habar tutmak üçin geläýiň.

-Taňry ýalkasyn.

 

Ýumuş:1.Gepleşi ilki özbaşdak okaň we düşünmeýän sözleriňizi bellik edip alyň. 2.Şol sözleriň aňladýan manysyny sözlükden öwreniň. 3.Gepleşigi rollar boýunça okamagy öwreniň. 4.Çekimlileri uzyn aýdylýan sözleri belläň we şol sözleri dogry okamaklyga çalşyň.

II

 

- Hoş geldiňiz! Siziň getiren kitabyňyzyň  bahasy üçin on  altyn berjekler.

-Be, o nähili beýle bolýar?Adamym görgüli beýle diýmändi,ahyry...

-Şeýle kesgitlediler, galanynam özüňiz bilersiňiz. Meniň pikirimçe, bu kitap örän gymmatly bir kitap bolmaly. Siz muny bir-de sagatlar bazaryndaky kitapçy Burhana äkidip görkeziň. Oňa meniň iberendigimi aýdarsyňyz. Wagtlaýynça şol ýerde dursun, belki-de bir alyjy tapylar-da, siziň diýýän bahaňyza alarlar.

-Taňry ýalkasyn.

 

Ýumuş:1.Gepleşi ilki özbaşdak okaň we düşünmeýän sözleriňizi bellik edip alyň. 2.Şol sözleriň aňladýan manysyny sözlükden öwreniň. 3.Gepleşigi rollar boýunça okamagy öwreniň. 4.Çekimlileri uzyn aýdylýan sözleri belläň we şol sözleri dogry okamaklyga çalşyň.

 

III

 

-Aýyplaşmaweriň!

--Geliň, geçiň ,uýam! Hoş geldiňiz!

-Bagyşlaň, bu golýazma, bir gymmat bahaly kitap.

-Hany, göreýin,bakaly. Rugsatmy?

-Hawa, alyň. Adamym pahyr munuň bahasy 30 altyndan pes bolmasyn  diýipdi. Magaryf bölüminde muňa  10 altyn diýip baha kesdiler.

-On altyn diýýäňmi?! Diýmek, magaryf bölümi 10 altyn berdi diýsene...Käşge, muny on altyna satsadyňyz.

-Beýle-de bir zat bolarmy? Adamym pahyr 30 altyndan pese hiç berme diýipdi. Ol maňa wesýet edipdi, ahyry?! Aslynda asla satmazdyk, ýöne näme ýeter-ýetmezçilik, eli gysgalyk,garaz, eli ýukalyk  ...

-Düşünýän,düşünýän...

 

Ýumuş:1.Gepleşi ilki özbaşdak okaň we düşünmeýän sözleriňizi bellik edip alyň. 2.Şol sözleriň aňladýan manysyny sözlükden öwreniň. 3.Gepleşigi rollar boýunça okamagy öwreniň. 4.Çekimlileri uzyn aýdylýan sözleri belläň we şol sözleri dogry okamaklyga çalşyň.

 

 

IV

-Dogrusyny aýtsam, meniň pikirimçe hem bu kitap örän gymmat bahaly bir eser bolmaly. Asla munuň ýaly bir eseri  öň görmändim. Gowusy, muny wagtlaýyn maňa amanat goýup gidiň. Belki-de bir oňat müşderisi tapylar...

-Sag boluň!Taňry ýalkasyn! Size azar hem bolduk.

-Goýaweriň, diýýäniňiz näme?

-Bagyşlaň, näçeräk garaşmaly bolarkam?!

-Bir hepdeden soňra geliň.. Eger satylmasa, onda yzyna alyp gidersiňiz.

-Bolýar,taňry ýalkasyn! Häzirlikçe sag boluň!

-Saglykda görşeliň!

 

Ýumuş:1.Gepleşi ilki özbaşdak okaň we düşünmeýän sözleriňizi bellik edip alyň. 2.Şol sözleriň aňladýan manysyny sözlükden öwreniň. 3.Gepleşigi rollar boýunça okamagy öwreniň. 4.Çekimlileri uzyn aýdylýan sözleri belläň we şol sözleri dogry okamaklyga çalşyň.

 

“DIWAN” HAKYNDA DÜŞÜNDIRIŞLI SÖHBETDEŞLIK

-Hawa,hormatly okyjylar!Bir kitabyň hekaýasy. Türk medeniýetiniň iň gadymy çeşmelerinden bolan “Diwany lugat-it tütküň” başdan geçirenleri. Bu waka ýokardaky söhbetdeşligiň  sözleýjisi bolan  bir  zenanyň sagatlar bazaryna gadam goýmagy bilen başlanýar.

Hormatly okyjylar!Ynha,size hekaýasyny aýdyp berjek belli kitabymyz “Diwany lugat-it türk”.Eser Mahmyt Kaşgaryly tarapyndan Garahanlylar döwründe  ýazylypdyr.Garahanlylar uýgur döwletiniň pese gaçyp,çökmäge başlan wagtynda IX asyryň ortalarynda Orta Aziýanyň günbatarynda ýaşapdyrlar. Onuň paýtagty häzirki wagtda kartalardan hem aýrylyp taşlanan Balasagun şäheridir. Ondan soňra Gündogar Türküstanda ýerleşýän Kaşgar şäherini paýtagt edinipdirler. İlki başda Garahanly hökümdarlaryndan Bazyr  hanyň ogly Satuk Bugra han X asyryň ortalarynda musulmanlygy kabul edipdir. Şeýle hem ol muny döwletiň resmi dini hökmünde yglan edipdir. Şeýlelikde, şol döwürlerde Aziýadaky iň güýçli we gudratly döwleti musulman döwleti bolupdyr. Bu döwürde öňi bilen  Kaşgarda türk yslam medeniýeti örän köptaraply görüşinde işlenipdir we ummasyz mukdarda naýbaşy  eserler döredilipdir. Bu  eserlerden iň esasylaryna ýetilip bilneni hem “Diwany lugat-it türk” eseridir. Eseri Mahmyt Kaşgarly ýazypdyr. Ýöne,gynansak-da, Mahmyt Kaşgarly hakda “Diwany lugat-it türk” eserinde berlen maglumatlardan başga zat bilnenok. Mahmydyň doglan we aradan çykan wagty hem anyk belli däl. Diňe kitabyny 1074-nji ýylyň 10-njy Baýdagynda (fewral aýynda) ýazyp gutarandygy we şol döwürde hem ýaşynyň has ulalşandygy bilnendigi üçin özüniň XI asyrda ýaşandygy we şol asyryň ahyrlarynda aradan çykandygyny çaklamak mümkin.

Garahanly döwletiniň edep-terbiýeli maşgalasyndan bolan Mahmyt Kaşgary gadymy  bir mekdep geçipdir. Ol arap we pars dilini örän kämil  öwrenipdir. Arap diliniň ähli inçeliklerine deňiç oňat bilipdir. Oňat ýarag ulanyp bilen bir esger bolupdyr, köňli hemişe türklükden doly bolan baryp ýatan bir milli buýsançly şahs eken. Ol türk milleti hakynda şeýle setirleri beýan edipdir:

 

”Men hut şuňa göz ýetiripdim, ýagny beýik taňry döwlet güneşini  türkleriň künçlerinde dogdurypdy. Asmandaky degreleri olaryň daş-töweregine öwrüpdi. Hut Biribaryň özi olara türk adyny beripdi we olary ýer ýüzüne hakany belläpdi. Zamananyň hakanyny olardan çykarypdy, dünýä milletleriň edara edilmegini,olara ýolbaşçylyk etmekligi hut türkleriň eline beripdi. Olary her kimden üstün tutupdy we özlerini hak-hukuk babatda güýçlendiripdi. Olaryň hyzmatynda bolanlara, olara sygnanlara  hemişe hemaýat edipdi, olary öz dileglerine ýetiripdi. Olary ýamanlaryň şerinden gorapdy. Oklaryň gelip teniňe sanjylmagyndan goranyp bilmek üçin, akyly bar bolana düşen paý, bu adamlaryň tutan ýoluny tutmak bolupdy. Derdiňi diňledip bilmek we türkleriň göwnüni awlamak üçin olaryň gepleýän dilleri bilen geplemekden başga ýol ýokdur.”

 

Mahmyt Kaşgarly öz döwründe Samarkant, Buhara, Nişapur ýaly orta asyr türk yslam ylym merkezlerinde ýaşap, şol ýerlerdäki alymlar bilen içgin tanşypdyr.Ol arap we pars dillerini kämil bilipdir. Ene dili bolan türk dilini hem-de onuň ençeme dialektlerini  ussatlarça öwrenipdir we çeper , labyzly gepläpdir.  Bütin türk dilleriniň sözlük hazynasyny ýygnamaga çalşypdyr. Şol sebäpli Orta Aziýanyň  örän köp ýerlerini gezipdir  we dil babatda örän baý maglumatlar ýygnapdyr. Bu hakda ol öz kitabynda şeýle sözleri ýazypdyr:

 

“Özüm türkleriň  iň dilewaryndan, iň pähimdaryndan, iň danasyndan, iň pähim-paýhaslysyndan, tohum-tijiň naýbaşysyndan we oňat gargy ulananlardan biri bolsam-da, türkleriň bütin illerini, obalaryny, çöllerini ädimme-ädim gezdim, aýlandym. Türküň, türkmeniň, oguzyň, çigiliň, ýagmanyň, gyrgyzyň dillerini, kapiýalaryny tutuşlygyna zehinime nagyş eden ýaly  bezedim. Bu babatda şeýle bir öňe gitdim welin, her taýpanyň dili, meniň pikirimçe, has kämil şekilde ele geçirildi hasap edýärin. Bu kitabymy uzak wagtlap derňew we barlag edenimden soňra, iň oňat usulda, has çeper görnüşde ýazdym. Adymy dünýäniň soňuna çenli ýatlatmak we ahyrýetde tükeniksiz hyzmat gazanmak üçin Alladan hemaýat diläp ýazan bu kitabyma “Diwany lugat-it türk” adyny goýdum.”

 

Mahmyt Kaşgarly kitabyny 1072-nji ýylda Bagdatda ýazmaga başlapdyr we 1074-nji ýylyň 10-njy fewralynda  gutarnykly tamamlady.Ondan soňra kitabyny Abbasy halypasy El-Muhtewiýä berdi.Şeýlelikde,türk diliniň we medeniýetiniň  araplaryň arasyndaky ilkinji propagandaçysy boldy.Kitabyny öz hökümdary  Tabgaç Bugra hanyň ýerine Abbasy halypasy El-Muhtewiýä bermegi hakynda käbir rowaýatlar bolsa-da,olar doly hakykaty ýüze çykaryp bilmezler.Munuň asyl sebäbi türk diliniň arap dili bilen deňme-deň gidýändigini görkezmekligidir.Mahmyt Kaşgarynyň “Diwany lugat-it türk” eserinden başga “Kitaby jewahir-ün-nahü türk” atly türk grammatikasyna degişli bir eseriniň bolandygy hem bilinýär.Gynansak-da,häzire çenli bu kitap ele salynmandyr.

 

“Diwany lugat-it türk” eseri ensiklopedik aýratynlyklary özünde birleşdirýän uly bir türk sözlügidir.Kitapda türkmen ,oguz,gyrgyz ,yagma we çigil türkleriniň sözlük hazynasy bilen birlikde,türk taryhy,halk döredijiligi ,edebiýaty,geografiýasy we  jemgyýetçilik ylmy giňişliginde türk milli medeniýeti bilen baglanyşykly maglumatlar berilýär. “Diwany lugat-it türk” bu gün elimizde ýeke-täk nusga görnüşindedir.Bir tötänlikden Aly Emir tarapyndan tapylyp,häzir hem Ystambylda millet  kitaphanasynda ýerleşýändir.Eser jiltlenen görnüşinde jemi 638 sahypadyr.

 

Mahmyt Kaşgary sözleri düşündirmek üçin köpsanly edebiýatyň we halk döredijiliniň nusgalaryny ulanypdyr.Bu özboluşlylyk eseriň ähmiýetini has-da artdyrypdyr.Sözli edebiýat we halk döredijiliginiň önümi 220 bentdir,eseriň dürli ýerlerinde sergilenendir.Bu bölümlerden XI asyr türk jemgyýetleriniň durmuşy barada maglymat almaklyga mümkinçilik bardyr.Arap filologiýasyndan başy çykýandygy bilinen Mahmyt Kaşgary eserini bu filologiýanyň usulyna görä we elipbiý tertibinde ýerleşdirendir.

 

“Men işi ýeňilleşdirmek we kitaby gysgaltmak üçin bu ýoly tutdum.Menden öň hiç kimiň etmedigi bir tertip boýunça we hiç kimiň pikir etmedik bir düzgün bilen işi düşündirdim.Toparlara bölünen zat nusga alynsyn diýip birnäçe düzgünler,täzeçe ölçegler kesgitledim.Kitapda türkleriň däp-dessurlaryny,maglumatlaryny görkezmek üçin olaryň aýdýan şygyr  nusgalaryny seçeledim.Hasratly we şatlykly günlerinde pähim-paýhas bilen aýdýan dana sözlerini-de aldym.Şeýlelik bilen,bu kitap arassalykda men diýen derejä,ajaýyplykda has oňat bir nepislige ýetdi.Göwün bildiren bu işimde Taňrydan hemaýat islärin.Her hili güýç-kuwwat diňe oňa ynanmakdyr.Ol bize goluny uzadar we bu neneňsi ajaýyp bir ynançdyr”.

 

 

 

 

Bu sözlerden soňra kitapda türk diliniň fonetikasy-ses bilimi hakynda maglumat berilýär.Atlar we işlikler boýunça ähmiýetli we möhüm hasaplanan düşündirişlerden soňra türk alymlary we türk dilleri tanadylýar.Mundan soňra  esasy sözlük bolan bu bölüme geçilýär.

 

Türk diliniň eliňizdäki ilkinji sözlügi,grammatika kitaby,edebiýat antologiýasy we hatda XI asyrda taýýarlanan ilkinji  türk dünýäsi ensiklopediýasy bolan bu eserde bir-de ýörite karta ýerleşdirilipdir.Türk dünýäsine degişli bolan bu kartanyň ähmiýeti örän uludyr.Çünki bu iň ilkinji türk dünýäsi kartasydyr.Katrada türkleriň ýaşan territoriýalar bilen,olar bilen ýakyn we uzak gatnaşyklary bolan milletlere hem ýer berlipdir.Bu kartada daglar gyzyl,deňizler ýaşyl ,gumluk sähralar bolsa gök reňk bilen berlipdir.Kartanyň merkezini türk  hökümdarlarynyň oturýan ýeri bolan Balasagun şäheri emele getiripdir.Oňa ýakyn bolup,bu ýerde bellenilmedik köl Yssykköldür.Beýleki türk şäherleri we sähralar  bu şähere görä anyklanandyr.Ugurlardyr taraplar hem gadymy türk däp-dessurlaryna görä ýola goýlupdyr.Şol sebäpli kartanyň esasy görnüşini gündogar emele emele getirýär.Kaşgarly eserinde birnäçe ýer-ýurt,tire-taýpa,ülke atlaryny agzap geçmegine garamazdan,kartasynda olary görkezmändir.Şeýle-de bolsa XI asyrda türk taýpalarynyň Orta Aziýadaky territorial ýerleşişini görkezmegi babatdan kartanyň ämiýeti has uludyr.

 

Bu ýeri Milli kitaphana. Hekaýasyny gürrüň edýän  kitabymyz “Diwany lugat-it türküň” saklanýan kitaphanasy. Häzirki wagtda dünýäde ýeke-täk nusgasy bolan eser Aly Emiriniň golýazmalarynyň arasynda okyjylaryna garaşýar.Bu bina Osmanly taryhynda Edirne bakjasy ýa-da Faýzullah Efendi bakjasy diýilýän ganly çaknyşykda öldürilen Şehriyslam Erzurumly Seýit Faýzullah Efendiniň wakyfy bolan “Feýziýe darul-hadys”binasydyr.Gurluşygy 1701-nji ýylda tamamlanypdyr.Aly Emiriniň wakyflara ýüz tutup,kitaplaryny oňa bagyşlamak isländigi üçin oňa bu ýeri salgy berlipdi.1916-njy ýylda ilkinji gezek 14 müň jiltden ybarat eseri bu ýere goýupdyr.Şeýle hem onuň öz islegine görä bu ýere “Millet kitaphanasy” diýen at berlipdir.Bu kitaphanada gadymy eserler kolleksiýasy hökmünde iki bölüm bardyr.Birinjisi Aly Emiri kolleksiýasy,ikinjisi Faýzulla Efendi kolleksiýasy.”Diwany lugat-it türk “ Aly Emiri kolleksiýasyna degişli bolan golýazmalaryň arasynda ýerleşýär.

 

Adyny ýygy-ýygy tutanymyz bu Aly Emiri kim we nähili bir şahsyýetdir?

Aly Emiri 1857-nji ýylda Diýarbakyrda doglupdyr.Ol dürli ýerlerde hasapçylyk we buhgalterlik wezipelerinde işläp,1908 –nji ýylda pensiýa çykyp,Ystambyla gelip,bu ýere ymykly ýerleşýär.Aly Emiri Efendi barypýatan kitap ölemenidi,oňa kitap diýdigiň besdi.Kitap ýygnamaga örän ýaşlykda başlapdyr.Tutuş etraplary aýlanyp dürli ýerlerden ýygnan kitaplarydyr golýazmalary jemläp,uly bir kitaphana döredipdir.Bu eserleriň arasynda iň bellisi .”Diwany lugat-it türk “ bolup,mundan başga-da ençeme gymmat bahaly golýazmalar bardyr.Bular Osmanly patyşa diwanlary,Aşyk  Çelebi  tezkiresi,Gündogar žurnallary ýaly müňlerçe gymmatly eserlerdir.Orta derjede bir şahyr bolan Aly Emiriniň öz eserleri-de bardyr.Bularyň arasynda “Tezkireýi şuaraýy Amit” atly Diýarbakyrly şahyrlardan we ýazyjylardan söhbet eden kitaby has-da meşhurdyr.

 

Ömründe asla öýlenmedik we kitaplar bilen baş-başa galyp ömür süren  Aly Emir Efendi özüne massus bolan häsiýetlere eýedir,akylly,pähimli,daş-töweregindäkileriň bilmedigine düşündiriş beren bir şahsdy.Yslam we Osmanly taryhyny ,edebiýatyny örän oňat bilerdi.Örän ýatkeşdi.Müňlerçe setirleri ýatdan aýdyp bilerdi.İbn Bibiniň ,Mahmyt Kemalyň aýdyşlaryna görä,bu ukypdyr başarnygy we bilimi üçin onuň özüne has göwni ýetýän eken.Öz eserlerini beýlekileriň eserlerinden üstün saýar eken.Aýratyn hem töweregindäkiler tarapyndan “paýhasly pähimdar,ussat” ýaly sözler bilen ýüzleniler eken.Ol bu sözlere has-da hoşal bolar eken.

 

Ynha,görşüňiz ýaly.Ol geldi.Uzak gün bu kitaphanasyndaky otagynda işlejek.Agşam bolsa belki öýüne gitjek,belki-de bu ýerde iş otagynda galjak.Bilip bolmaz,kofehana hem gidip biler.İň gowusy,biz gidip oňa  şol   ýerde garaşalyň... .

”Diwany lugat-it türkiň “hekaýasyny göleliň,bize nähili beýan etjekkä?!

Aly Emiriniň adatydyr.,öwrenen endigidir.Köplenç agşamlaryna şu görýän “Diýarbakyr kofehanasyna”gider we bu ýerde gijäniň bir wagtyna çenli dostlary bilen söhbet eder.Soňra-da  Barmakgapydaky öýüne gider.Serediň,görşüňiz ýaly,ynha,özi hem gelýär.

 

Hormatly okyjylar!Aly Emiriniň söhbetlerinde köplenç taryhdan,şygyrdan we edebiýatdan söz edilerdi.Elbetde,seýrek kitaplaryň  hem iň köp gürrüňi edilýärdi.İsleseňiz,biraz ýakynlaşyp göreliň.Bu agşam nämeler hakynda gürrüň edilerkä?!

 

Ynha,täze bir ylym we şygyr mejlisi. Gurlupdyr.Şu öňüňizde görýn şahsyňyz taryh gyramasynyň agzasy Tewhit beg,ýene şol agzadan Aryf beg,ortadaky belli,Aly Emir Efendi.Meşhur Amasýa taryhynyň awtory Hüseýin Hysametdin Efendi.Aly Emire ýakyn oturan ýaş ýigit bolsa Kilisli Rifat we Aly Emiriniň söhbetine gatnaşmaga meýilli adamlar we onuň  höwesekleri.

V

 

-Hakydamda 100 müň türkçe beýit bardyr diýip,arkaýyn aýdyp bilerin.Arapça we parsça bolanlaryny hasaplamaýaryn..

- Bu aýdýanyň biraz galarak bolmaýarmy,eýsem?100 müň beýit,akylyňa sygar ýaly däl.

-Men muňa ençeme gezek şaýat bolup gördüm.Osmanly zamanynyň şygyrlaryndan birini okasalar,Emiri ussadymyz onuň kimiň goşgusydygyny we şol goşgunyň yzyny dowam etdirip biler.

-Tüweleme,şeý diýsene.”Hemedan daş bolsa,kädi ýakyn” diýipdirler.Halypamyzyň özi bu ýerde,geliň gowusy ol synanyşyp görsün.

-Bu nähili bolýar?Biz näme ondan ekzamen alýarysmy,näme?

-Düşnükli,düşnükli.Bu gojalan baş sizi entek köp utandyrar.Hany aýt ,göreli.

-Bir şeýleräk bendiň bölegi bar.Ne onuň galany belli,ne-de ony ýazan.

“Pyýale nuşy meýden feragat eýleýelim,

Şaraby laline ýaryn kanagat eýleýelim”.

-Be,örän täsin,asla duýmadym.

-Bu beýt kimiňkikä,eýsem?

-Aýalynyňky ýaly.

-Goýsana,Aýaly hezretleri  heý-de beýle düzgünsiz zatlary ýazarmy?Bu elbetde,ikinji derejeli bir şahyryň işi.Onsoňam,şuny biliň,bu ýer,bu wakyf Mahmyt Ependä degişlidir.

-Aý,dilleriňe güller bitsin!

VI

-Bagyşlaň,ussadym,agşam ýadyma bir bent goşgy düşdi.

-Ýok bol,gözüme görünme!

-Ýuwaş-ýuwaş ,beýle gaharlanmaň,ussadym.

-Hormatly halypam,öten agşam Aýasofiýa meýdanynda gezelenç edýärdik.Bilşiňiz ýaly onuň golaýynda Mimar Sinanyň guran bir soltan hammamy bardyr.Ýadygäligindäki ýazylan taryh ýazgyla maglymata gözüme kaklyşdy. Ony okamaga çalyşdym we bellik edip aldym.

-Wah,nirä ýazdym,hany göreýin.

-Bu zatlaryňy ýygna,”Mus-mus diýme,Mustapa diý”.Diýjek zadyňy anyk pyşgyr.

-Aý,bolýar,goşgyny tapmadym.Halypam,diýjek bolýan zadym şu.Şol goşgyny Hüdaýy lakamly bir şahyr ýazypdyr.Geň galaýmaly.Aziz Mahmyt Hüdaýy hezretleri beýle bir hammama taryh ýazypdyr,bu gaty geň..

-Sen entek biraz gögele bolýarsyň.Osmanly döwründe ençeme şahyrlar bolupdyr.Hatda şol wagtda birnäçe Hüdaýy atly şahyr ýaşap geçipdir. Aziz Mahmyt Hüdaýy hem şolaryň biridir.Ýöne seniň aýdýan hammamyňdaky taryhy goşgyny ýazmandyr.Ony ýazan Azizzade Hüdaýydyr.Indi düşündiňmi!

-Düşündim.,aslynda men hem ilki oňa geň galypdym.Siziň saýaňyzda muny hem öwrendim.

-Rifat beg,ussatdan üzňe bolmaň,siz entek nämäni görýäňiz,ondan has köp zatlar öwrenersiňiz.

-Eý-weý,bular bize kofe bermän,ýüpsüz daňaýdylar-da.Jemil,Jemil oglum,hany kofeleri tizräk getirsene!

VII

 

-Eziz adamlar,bu agşam size örän şatlykly bir habarym bar.Eşitseňiz,hut agzyňyz uçuklar.

-Baş üstüne,halypam  gulagymyz sizde.

-Ol nähili şatlykly habarmyş?!

-Siz heý .”Diwany lugat-it türk “atly bir eser görüpdiňizmi ýa-da onuň adyny eşitdiňizmi?

-Ýok,eşitmedik,garaz bir sözlük bolaýmasa...

-Ýok,men hem görmedim.Ýöne Katip Çelebi muny bellik edip alýar.

-Ony geç.Başga?

-Arap taryhçylaryndan biri-de,wah ady ýadyma düşenok.Ol hakynda ýazypdyr.

-Şeýle çaklaýaryn:”Jananymy gören ýok”.

-Halypamyz,siz ony gördüňizmi?Bize ondan biraz gürrüň berseňiz. Arapmy,parsmy,kim ol.?

Biribaryň hemaýaty bilen bu ajaýyp eseri şu gün ele geçirdim.Kofeler menden.

-Hormatly ussadymyz,kofe beýlede dursun,ol kitap nähili bir kitap.Nirede görüldi,kimden alyndy,haýyş edýän...

-Bizi alada goýmaň,baş üstüne,haýyş edýaris.

 

-Siziň bilşiňiz ýaly, men pahyryň  kimim bar. Hiç kimim ýok.

-Kitaplaryňdan başga.

-Örän dogry,kitaplarymdan başga.Sagatlar bazarynda ýatyp-turup ýören adam men.Her gün ol ýere degip geçmesem bolmaýar.Düýn kitapçy Burhan bege bardym.Täze bir kitap zat bolaýmasyn diyip girdim onuň dükanyna.Ol dükanynda öz işi bilen gümrady.

VIII

 

-Burhan beg,bular ownuk-uşak kitaplar.Hany bularyň içinde çorba çykar ýalysy ýokmy?

-Bir kitaba bar,halypa,göwnüňden turarmy,turmazmy bilmedim-dä..

-Ber bakaly,bir göreýin.

-Ýöne eýesi köp pul soraýar.Alyň.Bu kitabyň maňa gelenine bir hepde çemesi boldy.Goňşy bir zenan getirdi,adam pahyr ýogalypdyr.Eli gysgamyş,kitaby satyp,çagalaryna derman pul edinjekmiş.Men hem Magaryf bölümine äkit diýdim.Ol hem äkidipdir...Birneme dagynyk gerek?!

-Hä,neme,näme diýipdirler?

-Bir hepde bizde galsyn,geňeşçä görkezjek diýipdirler.Bir hepdeden soňra oňa 10 altyn teklip edipdirler.Zenan görgüli adamsynyň 30 altyndan aşak berme diýen sözüni aýdypdyr.

-Hawa,olar näme diýipdirler.

-Näme diýer öýdýäň,30 altyna äpet bir kitaphana satyn alarys diýenmişler we kitaby yzyna gaýtaryp beripdirler.

-Ýagşy,ol naçar görgüli näme edipdir?

-Nätsin biçäre,getirip maňa tabşyrdy.Geçmese,yzyna aljak.

-Nähilimiş,ussadym?!Eğer halan bolsaňyz ,gerek bolsa siz alyň.

 

IX

 

-Adamyň aýdyşyna bir seretseňizläň,gerekli bolsa siz alyň diýýär.Halan bolsaňyz diýýär,men bolsa begenjimden tas özümden gidipdim.Dogrymy aýdýan ýykylyp galýardym şo ýerde.Damagym dagy gurap gitdi.

-Ýagşy,ondan soňra ...

-Nämä ýüregiňi eliňe alýaň,howlukma-da.Sabyr et.Aýdyp otyrn-a..30 lira diýip,bir depen ýerini depip dur.Wah,30 lira aslynda otuz müň lira deger bu kitap.Dünýäde deňi-taýy görülmedik bir türk sözlügi.Mundan gadymy,mundan peýdaly hiç zat bolup bilmez.

-Burhan beg siziň begenjiňizi bilendir.

-Elbetde,bildi.Menem-ä asla syr bildirmezlige çalyşdym..Aý,görnüşi ýaly-da...Bilmedim,kemmi,dolumy?!Garaz dargaşup ugrapdyr özi-hä...Akylly-başly bir gözden geçirmeli.Soňra ýazan hem Kaşgaryly bir adam.Kimdir, kimiň kimidir.Ýagdaýlara şeýle Burhan beg.

-Bää,mgaryf bölümi 10 lira teklip edipdir-dä.Men bolsa muňa 15 lira berýärim.

-Ussat,kitap meniňki däl,meniň özüiňki bolsa,al,janyň sag bolsun diýjek-le.Siz bilen az alyş-beriş  etmedik ahyry,bu bir amanat kitap.

-Aý,men saňa beletdirin.

-Dogrymdan gelýärin,siz maňa ynanaýyň.Biçäre görgüli dogry 30 lira diýýär,ondan pes bolmaz.

 

X

-Eger almajak bolsaň,näme edeli,gowusy yzyna tabşyrmak bolýar.

-Kim ol zenan?

-Ýaşy ulalyşan bir zenandyr.Öňki arçynyň  orunbasary  Nazyt begiň garyndaşy..

-Bolsa bolubersin,näme şoňa görä bahasy artýarmy?

-Siz dogry düşüniň.Adamsy pahyr ýörite wesýet edipdir.Muny oňat saklaň.Gyssansaňyz muny äkidip kitapçylara satarsyňyz.Ýöne bahasy otuz altyndan az bolmasyn diýenmiş.Şonuň üçin muny alsaňyz,siz ol görgüli naçara hem kömek etdigiňiz bolar.

-Diýmek,şol zenanyň ýagdaýy çykgynsyz-da.Indi garaýşym üýtgedi.

-Burhan beg!Aýdyp oturyň,ussadym!

-Kitaby alýaryn.

-Hawa,şeýdip kitaby aldym.Emma...Dostlar,kitaby almasyna-ha aldyk.Ýanymda diňe on bäş lira bolsa nätjek?!

XI

 

 

-Burhan beg!

-Aýdyp oturyň,ussadym!

-Men şol kitaby alýaryn.

-Hawa,şeýdip kitaby aldym.Emma...Dostlar,kitaby almasyna-ha aldyk.Ýanymda diňe on bäş lira bolsa nätjek?!Eger öýe gitsem,birden bir müşderi gelip kitaby alyp biler.Kim bilýär,her zat bolup biler.Burhan-da näme satsa bolýar,berer goýberer.Biziň bu kitap ýygnamak işimizde başymyzdan nämeler geçmedi,ahyry?!

-Wiý,şol ýerden birinden karz pul alsaň bolmadymy?

-Haý,akylyňdan aýlanaýyn ,Tewhit beg!

-Hut şonuň pikirini edýärdim.Bir tarapdan,”Eý beýik Biribarym,maňa bir tanyş-biliş ýa-da bir dost iber” diýip hudaýy çagyrýardym.Bu kitapdan meni aýra salma diýip doga edýärdim.Bermese,hut oturyp möňňürip aglajakdym.

-Ýagşy,ondan soňra biri geldimi?

-“Oglan howlugar,tudana wagtynda bişer” diýipdirler.

-Bir seretsem,gapynyň öňünden taryh guramasynyň gadymy edebiýat dersini beren Faik Reşat beg geçmeýärmi..Derrew eňdim yzyndan...

XII

-Reşat beg...Reşat beg...

-Eýgilikmi,ussat.Näme boldy,ne beýle howsalaly...

-Reşat beg,sen gaýrat et,örän çykgynsyz ýagdaýa düşdüm.Bar bolsa,maňa gaýrat edip,20 altyn karz ber.

-Düşündim,ýene kitap meselesidir.Baryňy-ýogyňy kitaba berdiň.

-Näçäň bar.Gapjygymda on lira bar.

-Wah bolmady..Bolmad-ow.

-Gaýgy etme,ussat.Öý şu ýakynda,derrew alyp geleýin.

-Aý,sagja bol,hut Hydyr ata bolup ýetişdiň.Alla seni maksat-myradyňa ýetirsin.Şu ýerde garaşaýyn.

 

 

 

 

 

 

XIII

-Ynha,getirdim,alyň.Dogry otuz lira.

-Reşat ,Reşat jan,sen maňa şu ýerde garaş.Bilip bolmaz pelek işin...Men kitaby derrewjik alyp geleýin.

-Bolýar,bolýar.

-Burhan beg!

-A,hoş geldiňiz!

-Al,al,şu otuz altyny.Kitap meňki.

-Aý,näme howlukmaçlygy bar,beýdip ýörüp...

-Alyň,halypa.Gutly we haýyrly bolsun!Peýda getirsin.

-Hakyňy halal et,Burhan beý.Satdyň,aldym.Ber eli,wessalam,jüttamam.Bu iş baglanandyr.

-Baglamasyna-ha bagladyk,ýöne hany meniň paýym.

-Aý,bulary sen ýöne diý-de,goýaý.Ynha,bu-da seniň paýyň.Hak edip,gazanan paýyň,al.

-Alla bereket bersin!Peýdaly bolsun,ýene garaşaryn.Sag boluň!

XIV

-Reşat beg,Reşat beg..

-Aýdyň ,gulak asýan ussadym.

-Alla müň-de bir şükür,aldyk kitaby.

-Näme howsalaly görünýäň.Bir zadyňy ýatdan çykardyňmy?

-Burhana seretdim,söwdany bozaýmasyn,şu ýerden biraz uzaklaşaly.

 

XV

 

-Ýagşy kitaby aldyňyz,ýeri onsoň nätdiňiz?

-Berýän soragyna bir seretsene,gözüme sürtjekdim.Näme edersiň öýdýäň.Elbetde,öýe gitdim.İýmegi-içmegi ýatdan çykardym.Tegelek bir hepdeläp bu kitap bilen meşgullandym.

-Halypam,birneme temasy hakynda hem gürrüň beräyseňiz gowy boljak.

- Siz ony aýdýarsyňyz ,bu bir ýönekeý  kitap däl,başdan aýak Türküstan ülkesi.Türküň diline,taryhyna,medeniýetine degişli başga şunuň ýaly iň gadymy kitap ýokdur.Bu türkçe sözlük saýasynda örän uly zatlar gazanyljakdyr.

-Türkiýat işleriniň ýola goýlup başlanan we barha kämilleşdirilýän wagty şeýle bir kitap,edil duranja bombadyr,bomba.

-Berekella,diliňe döneýin.Göwnümden turduň.Arapçada Sweýwehiň kitaby nähili bolsa,”Diwany lugat-it türk” hem biziň dilimizde şoldur.Bu kitaba baha kesmek zerur bolsa Karunyň hazynalary ýetmez.

XVI

 

-Baý,bu kitabyň sözüni diýseň süýnderdiňiz-aý.Könelip sandan galan bir kitap.

-Näme diýýäniňi gulagyň eşidýärmi,ol bir eser,ol bir miras.Aňkasy aşan diýsäni,agzynyň aýdýanyny gulagy eşidenok.

-Emiri Efendi öňünden çykana gürrüň berýär,onda-da onuň aňyrsyna çykyp bilenok.Zyýa beg,bu kitap türklük älemi üçin bir duran hazyna.

-Şeýlemi,has gadymymy,dilimize,taryhymyza degişli gadymy bir eser.

-Hatda bir gezek muny Zyýa beg eşitse,ol örän begener diýipdim.

 

-Nädip aýtsamkam,neneňsi düşündirsemkäm,munuň hiçbir deňi-taýy ýok. Deňsiz-taýsyz bir eser bu.

-Dünýäde ýeke-täk nusgasynyň bardygy aýdylýar.Diňe bir sözlük däl,duran bir ensiklopediýamyş.İçinde halk döredijiligi bar,edebiýat bar,taryh bar,şygyr bar,hatda bir karta hem bar.

-Bä,adamyna-da duşupdyr.Aly Emiri oň ýaly zatlary adamlara aňsat-aňsat görkezmese gerek.Nätsekkäk?

-Näme-de bolsa,siz bir oňa gidip görseňiz gowy bolar.Belki sizi gynandyrmaz.

-Ony tanamaýan ýaly gürleýärsiňiz.Ol ölemen kitapçy.

-Belki,goltugynda göterýändir.

-Ol hem bolup biler.Näme-de bolsa,ahyrynda gedip göreris.Belki,Allanyň özi şowuna düşüräýedi-dä...

XV

 

-Zyýa Gökalp beg geldi.

-Gelsin,gelsin...

-Çakylyksyz geldik,eýsem-de bolsa pahatsyz etmeris.

-Hoş geldiňiz,sapalar getirdiňiz.

-Saňsaryňy çykaryp,däli-diwana etjek.Ýörite aýagym bilen baryp gördüm.Okap bilmekden-ä geçdim,şol kitabyň ýüzüni bir göreýin diýdim.

-Näme jogap eşidendir öýdýärsiňiz..

-Bilip bolmaz,belki kanagatlanarly bir...

-Onuň diýýänine bir seretsene,sabyrly bol,Zyýa beg,bir gün nobat size-de geler.İlki men bir doly derňew edip çykaýyn diýýär.Bu adamy nätse bolar.Ony nädip yrmalydygyny aýtsana...

XVI

 

-Men bir zat oýlanýan,ýöne...

-Hany,aýt ol näme?!

-Bilýänsiňiz,Aly Emiri Efendi Diýarbakyrlydyr.Obadaşlaryndan birini ibersek,belki-de gowşaşar,doňy çözüler.

-Akylyňdan aýlanaýyn,seniň..Dogry.Onuň eminden aýdyşyň ýaly diýarbakyrlylar geler.

-Onsoňam,ýokary derejeli adamlaryň öýüne gelmegine begener.

-Bu iş boldy.Derrew bir hat ýolla.

XVII

-Halypam,Diýarbakyr wekilleri geldi.

-Goý,girsinler.Her iş bolsun,bähbit bolsun,özi-hä soňky döwürde zyýratçy köpeldi.

-Agşamyňyz haýyrly bolsyn!

-Hoş geldiňiz!

-Ussat Aly Emiri özüne çagyrýar.

-Kitap meselesi bolmasyn..

-Wah,käşge şeýle bolsady...

-Rifat!...Bilýänsiň,seni hemişe oňat görýänimi!

-Hawa,ussadym,bilýän.

-Şeýle hem saňa ynanýaryn.Seniň işçeňligiňe,ukybyňa,başarnygyňa guwanýaryn.

-Hormatly halypam,meni  gaty utandyrýaňyz. Siziň saýaňyzdadyr,halypam.

 

 

XVIII

 

-Ynha,kitap,şol ady belli “Diwany lugat-it türk”.Al,al,çekinme-de seret.Seni şunuň üçin çagyrdym,Şeýle bir waraklap çyk.Menden soňra bu kitaby gören bagtly adam sensiň.Muny hiç ýatdan çykarma.

-Meniň üçin bu uly bagt,halypam.Taňry ýalkasyn.Ejdatlarymyzyň,dilimiziň başdan geçirenleriniň bary bu ýerde.Tolgunjymdan ýaňa durup bilemok.

-Aňsat däl.Bu tolgunmany diňe ylyma,kitaba aşyk bolanlar biler.Watanyna,diline,taryhyna aşyk bolanlar biler.Käşge bu milletiň her bir şahsy bu kitap üçin seniň duýan tolgunmaňy duýup bilsedi.

 

XIX

-Ägirt,äpet.Bu kitap bir duran hazyna ýaly-la,halypam.

-Mamlasyň,Rifat!Bu tutuş türk äleminiň sözlügi,iň uly çeşmesi.Ýöne biraz dargan,sahypalary garyşypdyr,öýdýän.Başy ,soňy belli däl.Men belli bir netijä gelip bilmedim.

-Muny başdan aýak gözden geçirmek gerek.

-Refat,köşegim,men seni bu iş üçin çagyrdym.

-Hormatly halypam,ynamyňyz üçin has-da buýsanýaryn.

-Bu kitaby başdan soňa setirme-setir yzarla.Bütinmidir,ýartymydyr,dolumydyr kemmidir bularyň baryny derňejeksiň.Sahypalary tertiplejeksiň.Men indi halys garradym.Gözlerim-de gowy görmeýär.

-Halypam,maňa mundan uly ynam bolup bilmez.Onsuzam bu işe meni laýyk gördüňiz.

-Berhudar bol.Ýöne kitap kem bolsa,dat meniň günüme.Men onda ölýänçäm aglap geçerin.Eger doly bolsa,onda bütin dünýä meňkidir.Senden haýyş edýän,günde bolmasa-da,günaşa bu ýere gel.Şu işi bitir.

-Jenaby hakda hemaýat berer,enşalla,

-Enşalla.

-Refat,senden başga birine ynanyp-da,bu kitaby oňa bermen.

-Ynamyňyzy ödemäge çalşaryn.

 

XX

 

-Kilisli Refat köp wagtdan bäri görnenok.Nirelere gitdi.Sen ony görýärmiň?

-Eşidişimize görä,ol Aly Emiriniň haýyşy boýunça “Diwany lugat-it türk” eserini anyklap,düzgüne salýarmyş.

-Näme diýdiň.Diýmek ,kitaby görüpdir-dä.

-Görmäň nämejik,ony başdan soňuna çenli barlag edýärmiş.

-Nähili bagty çüwen adam.Ol üçin gadyr gijesi gelipdir diýsene asyl.Bu kitap ýadyma düşende ukularym gaçýar.

XXI

 

-Salam ,köşek!

-Salawmaleýkim,halypam!

-Ýadawlyklar gutardy.

-Baş üstüne oturyň.

-Ýok,ýok,sen otur.

-İşleriň nähili gidýär?

-Siziň saýaňyzda ahyry gutardyk.

-Nä-me,gutardymy,berekella,netijesi nähili?!

-Doludyr,halypam!Gözüň aýdyň.Kitabyň sahypalary gutarnykly.

-Ah,köşek,ine,indi bütin dünýä meňki boldy.Elleriňe güller bitsin!Rifat,elleriň dert görmesin!

XXII

-Menden näme dileseň,dile şu wagt.

-Hormatly halypam,saglygyňyzy dileýärin

-Diňle,köşek.Men gök gümmeziň,asman giňişliginiň aşagynda ýalňyz bir adam.Hiç kimim ýok.Ömrümi kitaplara berdim.Ýöne Barmakgapyda meniň bir öýüm bar,edil häzir hasap notariusyna gideli-de,ony seniň adyňa geçirdeli.

-Halypam,beýle zat bolmaz.

-Bu güni başga günlere deňeme.Kap dagyndan gar isleseňem,bu gün gidip getirerin saňa.Beýle kiçelmäň,hormatly ussadym!Men bir üýtgeşik zat etmedim ahyry.

-Alla size saglyk bersin.Men bir üýtgeşiklik etmedim-ä.Ýöne bir zat haýyş edip bilerin.Ol hem bu kitabyň neşir edilmegine rugsat etseňiz.

-Enşalla,ol hem bolar.Netijede bu kitaby beýle galdyrmakçy däl.Biziň däl,eýsem bütin türk milletiniň malydyr.Häzirlikçe biraz sabyr etmekligimiz gerek.Bir gezekde oturyp,bilelikde gözden geçireli.

-Baş üstüne,uly höwes bilen..

XXIII

 

 

-Özümi bagtly hasaplaýan.Mahmyt Kaşgarynyň kitabyny hem gördüm,hem-de okadym.

-Oglum,kofeler gelmedi-le.

-Soňunda bir neşir halyna getirdim.

-Diýmek ,biz hem görüp biljek-dä.Neşir edilmegine umyt baglap bileris.

-Onsuz hem men muny öňden pikir edýärdim.Türklik älemine mundan oňat sowgat bolmaz.Bu gapynyň açary ýene-de siziň eliňizde.Maňa bu meselede hemaýat ediň.Şu kitaby halas edeliň.

-Meniň elimden gelýän zat ýok ahyry,onuň eýesi Aly Emiridir,ilki onuň rugsady zerurdyr.

-Bu belli,mesaňa-mälim.

-Onuň elinden kitap almak üçin öňi bilen Perhat ýaly daglary ýarmak gerekdir.

-Bolsun.Mendäki aşyk  hem Perhadyňkydan pes däldir.Ýöne çäresi näme?Maňa ony aýdyň.

-Meniň akylyma bir çäre gelýär,ýöne bilemok,siziň näme diýjegiňizi bilemok.Jüpüne düşjekmi?

-Ýöne basymrak bolaweriň.Bu iş ähli barlygymy harjamaga taýýär.Gerek bolsa syýasy derejämi hem ulanaryn.

XXIV

 

-Talat Paşa bilen duşuşýaňyzmy?

-Käwagtlar,gabat gelişsek..

-Nähili,oňa sözüňiz geçýärmi?!

-Onuň ýaly gürrüňleriňi goý.Näme indi ara Talat Paşany sokalymy?

-Eýsem-de bolsa,şeýle ýaly.

-Paşa,Emirini örän gowy görýär.

-Hawa,hut şeýle.

“Gökdäki dilegiň ýerde goşarmyş”diýmändirlermi,eýsem.Talat Paşa bir haýyş etse,iş biter.

XXV

 

-Ýöne bir zady ýatdan çykarýaňyz.Hemmämiz Talat Paşanyň jenaýatly bir şahs boldugyny bilýäris.Şonuň üçin Talat Paşa Emiriniň üstüne gitse bolmaz.Ony Baba Ala çagyrsa hem mynasyp däldir.Meniň pikirimçe,bir düşünişmezlik bar.

-Dogry.

-Beýle bolmaz.

-Başga bir ýol tapmaly.

-Men şeýle çäräni oýlanypdym.Ussat Aly Emiri adalat boýunça müdirimiz Ybraýym begi örän oňat görerdi.Onuň şahsyýetine,adyllygyna ähmiýet bererdi.Ybraýym beg-de oňa uly hormat goýýar.Emiri ýygjam onuň öýüne myhman bolardy.Soňra gelibem ol ýerde edilen gürrüňi bu taýda aýdyp berer.

-Munda bir üýtgeşiklik ýok,ahyry!

-Ybraýym beg bir gije ony agzaçara çagyrsa.

-Ýeri,onsoň..

-Şol naharda Talat Paşa we birnäçe ýoldaşy hem bolsa,Emiri şol ýerde tanadylanda,”ussat,halypa”ýaly hormat sözleri ulanylsa...

 

XXVI

 

-Häzir Oraza aýyna girdik.Yzly-yzyna agzaçara çagyryş edilýär.Ybraýym beg bir gije ony agzaçara çagyrsa.

-Ýeri,onsoň..

-Şol naharda Talat Paşa we birnäçe ýoldaşy hem bolsa,Emiri şol ýerde tanadylanda,”ussat,halypa”ýaly hormat sözleri ulanylsa...

 

XXVII

 

-Agşamyňyz haýyrly!

-O-ow,bu gije çaý we kofeler menden.Jemil oglum,kofeleri taýýarlaweri..

-Häzir barýaryn.

-Haýyr bol-a,uly bir üýtgeşiklik boldumy,gullukçylyk wezipä dagy ýerleşdiňmi,ýa-da bir zat dagy miras galdymy?

-Maňa görkezilen hormatlylyk saýasynda o zatlaryň ähmiýeti nämejik?Ýok,üýteşik miras hem galmady.Onsuz hem men känbir dünýä malyna gyzygman.Muny bilýänler bilýär,bilmeýänleri-hä aýdyp oturmaýyn.

Şeýle bir  geň-taňlyga duçar boldum welin,diýip düşündirip bolmaz.

-Haýyş edýäs,näme bolanyny anygrak düşündirseňiz...

-Be,näme yzyňdan ýagy gelýärmi-how.Elbetde,aýtjak..Biziň adalat boýunça müdirimiz Ybraýym begi hemmäňiz tanaýarsyňyz.Depseň,deprenmez baýlyga eýedir.Oňat tälimdir terbiýe alan ylym adamdyr.Men hem oňat görer,gören ýerinde gelip salamlaşar.Ýygy-ýygydan  myhmançylyga çagyrar.Gitmesem,üstüme geler.Zorlap diýen ýaly äkider.Düýn gije ýene agzaçara çagyrdy.Gitmesem,asla boljak däldi.Gepiň gysgasy, onuň öýüne gitmeli boldum.Men ol ýerde  şeýle bir gadyr-gymmatly garşyladylar welin,soramadaň,ýöne,diýiň-de goýaýyň.Hal-ahwal soraşyldy.Agzaçar saçagynyň başyna geçdik.Menden başga hiç kimi çagyrmandyr,ýüzbe-ýüz diýen ýaly oturdyk.Şol wagt öýüň hyzmatçylaryndan biri içerik girdi.Talat Paşa bilen onuň ýoldaşlary gelipdir.Bu garaşylmadyk tötänlige bir serediň,ahyry.

 

XXVIII

 

-Hormatly ussadym.Siziň öňüňizde hemişe baş egmäge taýýardyrys.Merhemet ediň!

-Goýaweriň..Beýle zat bolmaz.

-Menden rugsat alyp,taryha,edebiýata degişli birnäçe zatlar soradylar.Ahyrsoňy söz aýlanyp-dolanyp,”Diwany lugat-it türk” eserine geldi.Men kitap hakynda gerekli maglumaty berdim.Hemmesi  agzybirlik bilen meni  gutladylar.

-Ussadym huzuryňyzda söz sözlemäge utanýaryn.Ýöne bir zady aýdasym gelýär.Kitaplaryň hem adamlaryňky ýaly belli bir ömri bardyr.Bir kitap müňlerçe ýyllap ýaşamaz.Çüýrär,ýitip gider.Elbetde medeniýet munuň hem çäresini tapypdyr.Ol hem neşirýatlaryň araçylygy bilen ony neşir etmek.Şeýlelikde,bir kitap müň bolar,on müň bolar,ýüz müň bolar.Eýsem,”Diwany lugat-it türk” biz üçin örän ähmiýetli bir kitap dälmi,näme?!Rugsat etseňiz,bu kitaby neşir edeliň.Başyna-da adyňyzy goýalyň.Bütin jahana ýaýrasyn.Jahan sizden minnetdar galsyn.Ýagşylyk ýatda galar.

 

XXIX

 

-Sylaşygyňyz üçin sag boluň.Men hem şeýle pikir edýärdim.Ýöne iki sany şertim bar.

-Aýdýanyňyz näme,hiç çekinmäň,halypam!

-Çekinmäň,aýdyň,şertiňizi ýerine ýetirmäge çalşarys.

-Birinjisi,men bu kitaby diňe Kilisli Rifata berip bilerin.Çünki,ol bu kitabyň gadyr-gymmatyny gowy biler.Tertibine,düzgünine we dürst,dogry görnüşde neşir edilmegine üns berer.İkinji şertim hem kitap neşir edilýänçä Rifatda galmalydyr.Başgasynyň eline asla geçmeli däldir.

-Hormatly ussadym,islegiň şular bolsun,edil aýdyşyňyz ýaly ederis.

-Bolýar.Kabul edýäris.Kilislä bereli.Onuň hiç gürrüňi bolmaz.

 

XXX

 

-Halypam,size bir sowalym bar.Bu günler näme wezipedesiňiz?

-Hasapgeçirişden pensiýä çykdym.

-Bolmaz,beýle zat asla bolmaz.

-Siziň ýaly hormatlanýan,parasatly şahsyýetiň pensiýa çykyp,kenara çekilmegi bolup bilmejek zat. Ençeme ýyllap hyzmat edip bilersiňiz.Ýurdumyzyň siziň ýaly alymlara her wagt mätäçligi bar.Aýdyň,haýsy wezipe isleýärsiňiz.Derrew buýruk bereýin.

-Alada edip,azara galmaň,men milletime zerur bolan hyzmaty berdim we häzir hem berýärin.Öz islegime görä pensiýa çykdym.Bu gün gözümde hiçbir gullukçynyň gadyr-gymmaty ýokdur.Aladadyr sypaýyçylygyňyza  taňryýalkasyn. Haýyş edýän,örän uly haýyş edýän meni kitaplarym bilen başa-baş galdyryň.Bu sözler üçin ýörite  şohunly el çarpdylar.

-Bizdenem bir şowhunly el çarpyşma.

-Dogrymy aýdýan,siziň ýeriňize başga biri bolan bolsa,bir welaýat häkimi wezipesini alardy.

-Gutlaýarys.Enşalla,kitabyň neşir edilmegi miýesser bolar.

-Her iş bolsun,bähbit bolsun.Ynha,şeýle-dä, bir azgaçara bardyk,nämeleri görmedik.

 

-Rifat ertir gel,kitaby al.

-Siz hiç aladalanmaň,halypam.

XXXI

 

-Kilisli Muallym Rifat beg geldi,halypam.

-Hormatly adamlar bu meseläni Kemala hakyky manyda ele aldyrarys.

-Zyýany ýok,men haçan diýseňiz gelip  bilerin.Onsuzam siziň myhmanyňyz bar.

-Hoş geldiň,Rifat ,näme täzelik,kitaby aldyňmy?

-Hawa.

-Hany göreýin.Getirdiňmi?

-Getirip bolarmy,Rifat kitap bilen köçe-köçe aýlanyp ýor diýseler gowy däl,ýöne neşirýat işleriniň baryny ýola goýdum.Basym wagtda neşir korrekturasyny bölek-bölek okap bilersiň.

-Bä-ä,ömrümiz garaşmak bilen geçjek-dä. Onsoňam Rifat,Aly Emiri halypa sowgat hökmünde 300 altyn ibermegi mynasyp gördük we has anygy merkezden ýörite karar çykartdyk.Nähili görýäň.

-Oňa mynasyp.Aslynda bu kitabyň bahasy hiç pul bilen ölçelmez.Ýöne ussat kabul edermi,etmezmi ony bilemok.

XXXII

 

-Kabul eder öýdemok.Ýöne biz öz üstümize düşen wezipäni ýerine ýetireli.

-Ezizim Zyýa! Sypaýyçylygyňyz üçin taňryýalkasyn.Milli hyzmat üçin pul-peşgeş almak meniň wyždanyma gaty agyr gelýän zat.Siz bu puly garyp-gasarlara sadaka paýlaň we şol sadakanyň ady hem “Diwany lugat-it türk” bolsun.

-Köp işleýärsiňiz Rifat!Bu kitap sizi keselledermikän diýip gorkman hem duramok

-İşlemekden adama hiç zat bolmaz.Häzir-ä örän jogapkärli işiň üstünde ylmy bir wezipäniň gurbany.Elleriňe güller bitsin! Saňa aýtjak zatlarym bar.

-Eýgilikmi?

-Alňasama.Aýtjak zatlarym ýene bu kitap bilen baglanyşykly.Saňa öň hem aýdypdym.Bu kitap dünýäde bir sany.

-Hawa, öň hem aýdypdyň.

-Ynha meni azara we alada goýýan hem bu.Ýadyma erbet zatlar düşüberýär.

-O nähili?!

-Eger,öye bir ogry girip,ogurlaýsa,ýa-da birden ýangyn bolaýsa.

 

XXXIII

 

-Biz hem alada galdyk.Ony has ynamdar bir ýere tabşyrsaňyz bolmazmy?

-Siz mamla,men hem şeýle pikir edýärin.Baýazit umumy kitaphanasynyň müdiri Ysmaýyl Seýit beg ynamdar adamdyr,oňa eltip bereýin diýýärin.

-Oňat bolardy.Biz hem aladadan dynardyk.

-Ertir äkidip bereýin.Mundan beýläk kitaphanada işläýin.

 

-Rifat beg,bilşiň ýaly,kitaphana dürli görnüşli adam gelýär.Olaryň içinde her hilisi bar.Gara gözüňden aýlanaýyn,gowusy meni bu işe goşmasana.

-Siz bir beýle diýmäň,ahyry!

-Haýyş edýän,meni muňa garyşdyrmaň.Mekdebiň müdiri Akyr begi tanaýansyň.Iň gowusy muny mekdebe äkit.Mekdep müdüriniň bir demir sandygy bar öýdýän .Şol ýerde saklansa,ynamly bolar.

 

-Aý şepäm,sen maňa duşmanmysyň.Men muny nädip gorap saklaryn.Gel-gel meni tapdyňmy?!Onsuzam bu edara iş ýetik.Kabul etmekligim asla mümkin däl.Aslynda kitap neşirýatda basylýar.Neşirýat müdiri Hamyt bege aýt,bir öý tutsunlar.Sen hem hemişe şol ýerde.

 

XXXIV

 

-Essalawmaleýkim!

-Waleýkimessalam!Gel,geç...Näme hyzmat?!

-Hamyt beg,ertirden bäri sütünim süýndi,selpeme kemini goýmadym.Şu kitaby gayýrat edip saklaň.

-Rifat jan,dogrudyr.Biziň neşirýatymyz könelişipdir.Seni gynandyrmak islemezdim.Ýöne birden bir ýangyn çykaýsa...Uly hyzmat edýäň,muňa düşünýän.Emma bu teklbiňi kabul edip biljek däl.Iň gowusy ,ýene özüň gorap saklasaň,kem bolmazdy.

-Maňa oňat gulak asyň.Sen hem.Bu görýän kitabyňyz örän gymmat bahaly kitapdyr.Ejeňize öň aýdypdym.Ertirden bäri gapy-gapy aýlandym,ýöne hiç kim kabul etmedi.Başga çärämiz galmady,muny biz gorap saklamaly boljak.

-Bäriňize serediň,kakamyz aýtmady diýmäň,gözüňiz her wagt bu kitapda boljakdyr.Eger goňşulara ýa-da iş üçin gitmeli bolsaňyz,biriňiz hökman öýde galyp,bu kitaba göz-gulak boluň.

-Ýagny nobatçy bolmaly-da?!

-Hut şeýle ,aýdyşyň ýaly oňa nobatçy bolmaly.Eger hemmäňiz bile bir ýere gitmekçi bolsaňyz,onda ony torbaňyza salyp,ýanyňyza äkitmeli.

-Bilip bolmaz ýangyn zat bolaýsa...

-Hudaý saklawersin,agzyňdan ýel alsyn.

-Adamçylykdyr,bilip bolmaz pelek işi,ýangyn bolaýsa,öýüň goş golamlaryny gorajak bolmaň,diňe şu kitaby goramaga çalşyň.Bu kitap öýümizden hem gymmatlydyr.Hiç haçan unutmaň!

-Şeýdip,tutuş maşgalamyz bolup,bu kitaby goradyk.Hudaýa şükür,birinji jildini neşir edip gutardyk.

-Täze bir nobatçy sanawyny taýýarlaberiň.

-“Diwany lugat-it türk” nobaty..

-Ýagşy,gündizlerine nobatçy  durýar diýeliň,a gijelerine näme?

-Gijeleri nobaty men tutýaryn.Ýatjak wagtym ony diwardan aýryp,ýassygymyň aşagyna salýaryn.

XXXV

 

-Ynha,hormatly diňleýjiler!Şeýdip,Kilisli Rifatyň ýolbaşçylygynda “Diwany lugat-it türk” eseriniň birinji jildi neşir edildi.Ol kitaby üç jilt görnüşinde taýýarlapdy.Beýlekileri-de neşir edilýärdi.Ýöne ýene ara Aly Emiri Efendi girdi we kitabyň hekaýasy täze bir bölüme eýe boldy.Isleseňiz ony hem Rifat begden eşideliň.

 

-Ikinji jildi neşir edýärdik.Bir gije Aly Emiri halypa Ýewropadan gelen bir terjimeçi neşir edilen kitaby görüp ony halandygyny,bir-de asyl nusgasyny görmek isleýändigini aýdypdyr.Men hem bolar diýdim.Ertesi gün kitaby äkidip,Aly Emirä berdim.Şonda ol:”Rifat,aýyplaşma,bu kitaby indi görmegiň kyn bolaýmasa-da biridir” diýdi.

-Baý-bä-ä,gaty ýokardan tutupdyr-ow,gazabyna...

-Weý-weý,ussadym,bu nähili gep boldy.?!Neşir dowam edýär.Beýle-de bir zat bolarmy?Öň ylalaşmadykmy.

Garaz gepiň gysgasy,ýalan sözlemäge mejbur bolupdyr.Aly Emiriniň ýakyn garyndaşy hasapçy eken.Ony işden çykarypdyrlar.Aly Emiriniň bu sebäpli aýlanmadyr ýeri galmandyr.Ahyry şeýle netijä gelipdir.Men gidip,Magaryf bölümine düşündirmeli.Ony işe aldyrmaly.Garaz sanasaň sogaby bar diýleni.Men Magaryf bölüminde gakmadyk gapym galmady.Iň soňunda bolsa,Aly Emiriniň garyndaşyny üç günüň içinde işe ýerleşdirip,ahyrynda kitaby gaýtadan ele geçirdim.

-Hekaýanyň gaty uzynyny-ha siz  başdan geçiren ekeniňiz.

-Sag boluň,Rifat beg,uly kynçylyklary aşypsyňyz.Soňunda-da “Diwany lugat-it türk” eserini neşir etmegiň hötdesinden gelipsiňiz.

-“Diwany lugat-it türk” eserini bize tanadan esasy şahs Aly Emiridir,men bolsa diňe oňa kömekçi bildum.Bir üstünligim bar bolsa,ol Aly Emiriniňdir.

-Kitabymyzyň başdan geçirenleri bu ýerde tamamlanýar,hormatly diňleýjiler!Kilisli Mualim Rifat beg-de kitaby 1917-1919-njy ýyllaryň içinde neşir etdi.Ondan soňra Türk dil guramasy tarapyndan 1941-nji ýylda bir asyl nusgasy neşir edildi.Ilki Kilisli Rifatdan başlap,arapça bolan bu eseri terjime etmek üçin köp sanly synanyşyk edenler boldy.Olaryň arasynda Besim Atalaýyň eden terjimesi üç jilt görnüşinde Türk dil guramasy tarapyndan 1939-1941-nji ýyllaryň içinde neşir edildi.Besim Atalaý ondan soňra,1947-nji ýylda kitabyň latyn elipbiýde görkezgijini hem neşir etdi.Şeýlelikde,XI asyrda Kaşgardan gadam  goýup,bir uzak ýolagçylyga çykan “Diwany lugat-it türk” kitabynyň başdan geçirenleri şeýdip tamamlandy.Ony bize gaýdyp berenlere salam bolsyn!

-Eger bir gün ýoluňyz düşüp,Sagatlar bazaryna ýa-da Millet kitaphanasyna baraýsaňyz,bu ýerde Aly Emiri Efendini,Kilisli Refaty we Besim Atalaýy  ýatlap geçiň.Çünki olar hem bir wagtlar siz ýaly bu mekanlarda aýlanypdyrlar we tüýs ýürekden we höwes bilen bilinmedik kitaplaryň bilinmedik  sahypalaryna eglipdiler.