Türkmençe sözlem nähili düzülýär?!
Sözlemde i ş l i k l e r.
Işlikler sözlemdäki habaryň esasy merkezidir.
* Sözlemi sözlem edýän
işlikdir.Şonuň üçin ilki bilen işlikleri bilmekligimiz gerek!
Meselem: almak we bilmek işliklerini
alalyň.Bu işlikleriň köki * al- we * bil-.
* Soňra işlikleriň wagt bilen
baglanyşykly iň esasy aýratynlygyny bilmegimiz gerek! Meselem:
haýsy hem bolsa bir işi alalyň.Şol iş üç zamanda ýerine
ýetirilip bilner.Birinjisi biziň sözläp duran pursadymyzy
görkezýän * häzirki zaman,ikinjisi biziň sözläp duran pursadymyzdan
soňra boljakdygyny görkezýän
* geljek zaman, üçünjisi biziň sözläp duran pursadymyzdan öň
bolup geçendigini görkezýän *
öten zamandyr.
*Häzirki zaman
*Geljek zaman
*Öten zaman
* Indi bu zamanlaryň diliň
serişdelerinde aňladylyşy bilen tanyş bolmagymyz gerek! Meselem,häzirki zamany alalyň.Bu zaman dil serişdelerinden *
-ýar we *-ýär goşulmasy bilen aňladylýar.
*alýar, *bilýär. Geljek zaman iki görnüşde
aňladylýar: mälim geljek zaman dil serişdelerinden *-jak we *-jek;
nämälim geljek zaman bolsa *-ar we *-er goşulmasy bilen aňladylýär.
*aljak, *alar; *biljek, *biler.Öten zaman dil serişdelerinden *-dy we *-di
goşylmasy bilen aňladylýar. *aldy, *bildi.
* Soňra işi ýerine ýetiren
şahslary anyk bilmegimiz gerek.Iş dil serişdeleri babatdan üç sany şahs tarapyndan
ýerine ýetirilip bilner.Birinjisi sözleýän şahs
*sözleýji ýa-da sözleýjiler,ikinjisi diňleýän
şahs *diňleýji ýa-da diňleýjiler,üçünjisi bolsa
*sözleýşe gatnaşmaýan ýa-da
gatnaşmaýanlar.Şeýlelikde,işiň netijesi barlykly we
ýoklukly bolup biler:
(men) al-ýar-yn , al-ma-ýar-yn
(men) al-jak (men) al-ar-yn, al-jak
däl,al-ma-r-yn
(men) al-dy-m, al-ma-dy-m
(biz) al-ýar-ys, al-ma-ýar-ys
(biz) al-jak (biz) al-ar-ys, al-jak däl, al-ma-r-ys
(biz) al-dy-k , al-ma-dy-k
(sen) al-ýar-syň , al-ma-ýar-syň
(sen) al-jak (sen) al-ar-syň, al-jak
däl,al-ma-r-syň
(sen) al-dy-ň, al-ma-dy-ň
(siz) al-ýar-syňyz, al-ma-ýar-syňyz
(siz) al-jak (siz) al-ar-syňyz, al-jak däl, al-ma-r-syňyz
(siz) al-dy-ňyz , al-ma-dy-ňyz
(ol) al-ýar-ø , al-ma-ýar- ø
(ol) al-jak (ol) al-ar- ø, al-jak
däl,al-ma-z
(ol) al-dy- ø, al-ma-dy- ø
(olar) al-ýar-lar, al-ma-ýar-lar
(olar) al-jak-lar(olar) al-ar-lar, al-jak däller, al-ma-z-lar
(olar) al-dy-lar , al-ma-dy-lar
“Bilmek” işliginiň hem nusgalary edil şunuň
ýalydyr.
Men |
Aşgabatdan |
geldim |
gelýärin |
Oraz |
Marydan |
................... |
............ |
Sen |
nireden |
................... |
............. |
Gülälek |
bazardan |
.................. |
........... |
Wepa |
mekdepden |
.................. |
............ |
............... |
kitaphana... |
geldim |
gelýärin |
.............. |
oba..... |
geldiň |
gelýärsiň |
............... |
uniwersitet... |
geldi |
gelýär |
.................. |
Tähran.... |
geldimi? |
gelýärmi? |
................ |
gezelenç.... |
geldik |
gelýäris. |
Myrat |
muzeý... |
gel... |
gel... |
Sen |
öý... |
gel... |
gel... |
Ata |
iş... |
gel... |
gel... |
Sapar |
Daşoguz... |
gel... |
gel... |
Maral |
myhmanhana... |
gel... |
gel... |